Ï Kämil kanun – berk binýat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kämil kanun – berk binýat

view-icon 1775

Ýurdumyzda zähmeti guramagyň hem-de goramagyň hukuk esaslaryny döretmek we kämilleşdirmek arkaly zähmet kanunçylygyny emele getirmegiň we ösdürmegiň ýolunda amal edilýän işler her bir raýatyň mynasyp, öndürijilikli zähmet çekmegine ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2023-nji ýyl üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde geçirilen gözegçilik işleriniň netijesinde, guramanyň taýýarlan netijenamasyndaky teklipler esasynda, 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 

Şeýlelikde, zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmakda kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we olaryň birleşikleriniň ygtyýarlyklary bilen bagly degişli üýtgetmeler girizildi. Has takygy, Halkara Zähmet Guramasynyň mejbury we çaga zähmetiniň öňüni almak boýunça beren tekliplerini göz öňünden tutup, Kodeksiň 8-nji we 23-nji maddalaryna hem-de kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň we olaryň birleşikleriniň ygtyýarlyklary bilen bagly 406-njy maddanyň üçünji, dördünji böleginde beýan edilen kadalara «Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak üçin kärdeşler arkalaşyklary guramalary we olaryň birleşikleri kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet baradaky tehniki we hukuk gulluklaryny döredýärler, olara bolsa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň Milli merkezi tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamalarda göz öňünde tutulan ygtyýarlar berilýär» diýen kada degişli üýtgetmeler girizildi. Has takygy, halkara tejribesinde kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň zähmet kanunçylygyna döwlet tarapyndan gözegçiligini amala aşyrýan gurama bolup bilmeýändigi, olar öz ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýändigi bellenilýär.

Bize şeýle eşretli zamanada ýaşamaga, okamaga, işlemäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Eziz Muhammedow,
Tejen etrap döwlet notarial edarasynyň uly döwlet notariusy.