Ï Türkmenistanda 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy

view-icon 2043
Türkmenistanda 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlsinde wise-premýer T.Atahallyýew şu ýyl Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatlarda häzirki jogapkärli möwsümde alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet bermegiň, ýazky ekişe gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. 

Şeýle-de ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmaga, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini has-da artdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.