Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady

view-icon 1466

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihail Kawelaşwilä Gruziýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de onuň Türkmenistan bilen Gruziýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Mihail Kawelaşwilä tüýs ýürekden berk jan saglyk, Gruziýanyň dostlukly halkynyň mundan beýläk-de öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.