Düýn Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler.
Ýurdumyzyň gümrük edarasynyň web-sahypasynda habar berilişi ýaly, iş duşuşygyň dowamynda «Farap awtoýollary – Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar «Farap awtoýollary – Alat» gümrük nokatlarynda ýüze çykyp biljek meseleleri dessin çözmek maksady bilen jogapkär wekiliň bellenilmegi, gümrük nokatlarynyň çäginde bilelikdäki iş duşuşyklarynyň geçirilmegi hem-de Türkmenistanda geçen ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizilen deslapdan deklarirleme mümkinçiliginden Özbegistanyň Daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň peýdalanmagy üçin tanyşdyryş işleriniň geçirilmegi barada ylalaşyldy.