2024-nji ýylda Türkmenistanyň eksport edýän harytlarynyň ep-esli bölegi oba hojalyk önümlerinden ybarat boldy. Hususan-da, ýyladyşhana pomidorlaryna degişli ýokary görkeziji bellige alyndy – 149 müň tonna.
Bu görkeziji 2022-nji ýyla görä 43 göterime golaý ýokarlandy. Şunda pomidor eksportynyň umumy mukdarynyň 56 göterimi Russiýa Federasiýasyna, takmynan 28 göterimi Gazagystana, 11 göterimden gowragy bolsa Gyrgyzystana iberildi.
Gök we miwe önümleri hem eksport edildi. Geçen ýylyň başyndan bäri 13 müň tonnadan gowrak mäş, 6 müň tonna düýp sogan we 4 müň tonna töweregi miwe hem üzüm iberildi. Mundan başga-da, şu döwürde goňşy ýurtlara köp sanly süýji-köke önümleri, gaplanan gök önümler we miweler, şeýle hem alkogolsyz içgiler eksport edildi.
Gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak gümrük işiniň ileri tutulýan ugry bolmagyna galýar. “Eksport-import” amallary üçin ýeke-täk penjire mehanizminiň ornaşdyrylmagy bilen, ähli eksport işleri awtomatlaşdyrylýar we ähli zerur maglumatlary hyzmat portalyndan elektron görnüşinde almak bolýar. Bu bolsa gümrük taýdan resmileşdiriş işini çaltlaşdyrýar we wagt çykdajylaryny azaldýar.