Ï Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edildi

view-icon 1504
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik her ýyl 25-nji maýda bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýär.

Bäsleşige, ýaşyna garamazdan, isleg bildirýänleriň hemmesi gatnaşyp biler. Munuň üçin Aşgabadyň gözelligi baradaky makalalary, goşgulary, türkmen paýtagtynyň ajaýyplygyny özüne siňdiren suratdyr fotokollajlary görkezmeli.

Bäsleşige hödürlenýän işler öň metbugatda çap edilmedik bolmaly.

Makalalary, goşgulary we surat işleri «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat!» bäsleşigine diýen ýazgyly hat bilen şu ýylyň 15-nji maýyna çenli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

Ýeňijileriň atlary Aşgabat şäher gününde yglan ediler. Olaryň işleri «Aşgabat» gazetinde çap ediler.

Ähli sowallar boýunça aşakda görkezilen telefon belgiler arkaly ýüz tutup bolar:

+993 12 39-96-24

+993 12 39-96-34