Ï Türkmenistanyň figuralaýyn typyjylary Gyşky Aziýa oýunlarynda çykyş etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň figuralaýyn typyjylary Gyşky Aziýa oýunlarynda çykyş etdiler

view-icon 3494
Türkmenistanyň figuralaýyn typyjylary Gyşky Aziýa oýunlarynda çykyş etdiler

Türkmenistan Gyşky Aziýa oýunlarynda figuralaýyn typmak boýunça ýaryşda ilkinji gezek çykyş etdi. Ýurdumyzyň sport taryhynda şeýle möhüm waka Hytaý Halk Respublikasynyň Harbin şäherinde geçirilen IX Gyşky Aziýa oýunlarynda bolup geçdi.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň howandarlygynda (AOG) dört ýylda bir gezek geçirilýän bu toplumlaýyn uly ýaryşlara biziň ýurdumyzdan zenanlaryň arasynda ýekelikde figuralaýyn typmak boýunça ýaryşa Türkmenistanyň iki gezek çempiony Larisa Wahitowa hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby, 2019-njy ýylda Ýužno-Sahalinskde «Aziýanyň çagalary» atly birinji sport oýunlaryna, şeýle hem Türkiýede Bosfor Kubogyna we Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşan Aýna Ekäýewa dagy gatnaşdy.

Bu ýaryşda medallar ugrunda 14 ýurtdan 25 figuralaýyn typyjylary bäsleşdiler. Larisa Wahitowa toparymyzda iň ökde figuralaýyn typyjy boldy. Ol gysga maksatnamada 14-nji, erkin maksatnamada bolsa 13-nji netijäni görkezdi. Ahyrky netijede bolsa tälimçi Ýana Wahitowanyň şägirdi 12 bäsdeşinden, şol sanda 24 finalçynyň hataryna girmedik Aýna Ekäýewadan-da üstün çykyp, 13-nji ýeri eýeledi.

Türkmenistanda figuralaýyn typmak sportuň bir görnüşi hökmünde 2006-njy ýylda Aşgabatdaky ilkinji Buzly köşgi işe girizilenden soň, ösüp başlady. Häzirki wagtda ýurdumyzda bäş sany buzly köşgi işleýär, olaryň dördüsi paýtagtymyzda, biri-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndadyr.

Harbin şäherinde geçirilen IX Gyşky Aziýa oýunlarynda Türkmenistan sportuň üç görnüşi – figuralaýyn typmak, şort-trek we hokkeý boýunça çykyş etdi.

Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen mundan öňki VIII Gyşky Aziýa oýunlarynda türkmen hokkeýçileri umumy sanawda 18 toparyň arasynda 11-nji ýeri eýeläpdi, häzirki oýunlarda bolsa 9-njy ýer ugrundaky duşuşykda Kuweýtden 4:8 hasabynda ýeňlip, ýaryşa gatnaşýan 14 toparyň arasynda 10-njy orny eýeledi.

Indiki, X Gyşky Aziýa oýunlary 2029-njy ýylda Ak Aziýa oýunlaryny ilkinji gezek kabul etjek Saud Arabystanynda geçiriler.