Ï Türkmenistanyň topary 14 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda tennis boýunça dünýä çempionatynyň saýlaw ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň topary 14 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda tennis boýunça dünýä çempionatynyň saýlaw ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy

view-icon 2920
Türkmenistanyň topary 14 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda tennis boýunça dünýä çempionatynyň saýlaw ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyňky

Türkmenistanyň topary şu gün Isa-taunda (Bahreýn) geçýän Aziýa-Okeaniýa zolagynda 14 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda tennis boýunça dünýä çempionatynyň deslapky saýlaw ýaryşynda ikinji ýeňşini gazandy. Onuň öňýany Bangladeş toparyny 3:0 hasabynda utandan soň, türkmen tennisçileri Okeaniýa toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Toparymyza ýeňşi ýekeleýin görnüşde geçirilen ýaryşlarda ýeňiş gazanan Näzli Hudaýgulyýewa bilen Aýlar Kakabaýewa getirdi. Näzli Hudaýgulyýewa Joeleý Ioanäni 6:2, 6:1 hasabynda, Aýlar Kakabaýewa bolsa Aleksandriýa Çandy iki tapgyrda-da 6:3, 6:3 hasabynda ýeňdi. Topardaky ýerleriň paýlanmagy üçin indi kän bir ähmiýeti bolmadyk jübütleýin görnüşde geçirilen ýaryşda Sara Garahanowa bilen Näzli Hudaýgulyýewa naýbaşy taý-breýkde Aleksandriýa Amoa bilen Aleksandriýa Çandan asgyn geldiler 4:6, 6:3 [5:10].

Ozal habar berlişi ýaly, Bahreýnde geçýän deslapky tapgyr saýlaw ýaryşy 6 toparça bölünen 18 topary jemledi:

«A» – Şri-Lanka, Bahreýn, Singapur;

«B» – Liwan, Mongoliýa, Iordaniýa;

«C» – Türkmenistan, Okeaniýa, Bangladeş;

«D» – Oman, Maldiwler, Makao;

«E» – Gyrgyzystan, Siriýa, Filippinler;

«F» – Indoneziýa, Guam, Yrak.

Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, diňe toparlaryň ýeňijileri 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 2-sinden 15-ne çenli Malaýziýada geçiriljek derejelerini beýgeltmekde soňky tapgyryndaky iki ýer ugrunda bäsleşmegi dowam etdirer.

Iki ýeňşi bolan Türkmenistanyň topary «C» toparçasynda öňe saýlanyp, çärýek finala çykdy, ol ýerde bolsa «E» toparçanyň ýeňijisi – Filippinler bilen duşuşar. Bu iki toparyň iň gowusy ýarym finalda «A» toparçanyň ýeňijisi bolan Şri-Lanka bilen bäsleşer.

Beýleki çärýek finalda Indoneziýanyň we Maldiwleriň toparlary çykyş ederler. Bu jübütiň ýeňijisi ýarym finalda «B» toparçanyň iň gowy topary bolan Liwan bilen bäsleşer.

Halkara tennis federasiýasy tarapyndan Aziýa tennis federasiýasy bilen bilelikde ýola goýlan ITF dünýä ýetginjekler tennis toparynyň ýaryşlarynyň 14 we 16 ýaşa çenli iki ýaş toparyndaky oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýändigini ýatladýarys. Iki ýaryş hem ýaş tennisçilere halkara ýaryşlarda özlerini synamaga we öz ýurdunyň adyndan çykyş edýärkä, toparlaýyn oýnamagyň ajaýyp duýgusyny başdan geçirmäge mümkinçilik berýär.