Ï «Arkadag» futbol topary 2025-nji ýylda ilkinji Kubogy aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol topary 2025-nji ýylda ilkinji Kubogy aldy

view-icon 4904
«Arkadag» futbol topary 2025-nji ýylda ilkinji Kubogy aldy

2025-nji ýylda geçirilen ilkinji ýaryşyň baýragyny - Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogyny «Arkadag» toparynyň oýunçylary eýelediler. Wladimir Baýramowyň topary ýaryş tamamlanmagyndan bir tapgyr öň Marynyň «Merw» toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, bu üstünlige ýetdi.

Hasaby 5-nji minutda Türkmenistanyň soňky üç çempionatynyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Didar Durdyýew açdy. 49-njy minutda Şamämmet Hydyrow Türkmenistanyň iki gezek çempionynyň üstünligini berkitdi. 72-nji minutda Resul Hojaýew ýeňiş pökgüsini saldy.

Mümkin bolan 12-den 12 utuk toplan «Arkadag» topary garşydaşlaryndan has öňe saýlandy.

Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» topary Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi, ol öňbaşçydan 3 utuk yzda. Ýeňiş pökgisini 64-nji minutda Elman Tagaýew tora saldy. Gurbanmuhammet Esenowyň 85-nji minutda iki sary kartoçka berilmegi netijesinde meýdançadan çykarylmagy sebäpli «Ahal» topary oýny azlykda tamamlady. Şeýle bolsa-da, «Şagadam» topary san taýdan artykmaçlygyndan peýdalanyp bilmedi.

«Aşgabat», «Nebitçi» we «Merw» toparlarynyň hersi 4 utuk toplap, üçünji orna dalaş edýärler. Bu ýagdaý «Nebitçi» topary «Aşgabat» toparyny 1:0 hasabynda utup, ýaryşda ilkinji ýeňşini gazanandan soň ýüze çykdy.

Aýgytly pökgüni 66-njy minutda Myrat Amantaganow tora girizdi. Şondan 10 minut öň «Nebitçi» topary 11 metrlik jerime urgusyny gazandy. Emma Arslangylyç Nazgylyjow ony dürs urup bilmedi.

«Şagadam» topary 1 utuk bilen soňky orunda barýar.

TFF-niň Kubogy – 2025 ýaryşynyň jemleýji, bäşinji tapgyrynyň duşuşyklary 23-nji fewralda geçiriler. Şol gün Balkan derbisinde ilkinji bolup «Şagadam» we «Nebitçi» toparlary bäsleşer. Olardan soň «Merw» bilen «Ahal» toparlary duşuşar. Ýaryş «Aşgabat» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen jemlener.

TFF-niň Kubogy – 2025 ýaryşynyň ähli duşuşyklary Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki «Sport desga» stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.