Ï Türkmenistanda «Aýyň türgeni» taslamasy badalga aldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Aýyň türgeni» taslamasy badalga aldy

view-icon 2761
Türkmenistanda «Aýyň türgeni» taslamasy badalga aldy

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy, «Mahabat» müdirligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Aýyň türgeni» atly taslamanyň badalga alandygyny habar berdiler.

Taslamanyň çäklerinde Türkmenistanda «Aýyň türgeni» SMS ses berişligi esasynda işläp başlar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň – ýurduň iň gowy ýaş türgenleriniň ady her aýyň başynda belli bolar, aýyň ahyrynda ses berişligiň jemi jemlener.

Türkmenistanlylary «Aýyň türgeni» adyna dalaşgärler, bäsleşigiň şertleri we barşy bilen tanyşdyrmak üçin «Türkmenistan Sport» teleýaýlymynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy fakultetiniň talyby Parahat Mämmetnurowyň alyp barmagynda tematiki teleşowhun görkeziler. Gepleşigiň redaktory Gülendam Berdiýewa.

Bir aýyň dowamynda teletomaşaçylara türgenleriň her biri, olaryň gündelik türgenleşigi, halkara ýaryşlarynda çykyşlary we üstünlikleri barada wideoşekiller görkeziler.

Ilkinji SMS ses berişligi üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty sportuň ýedi görnüşi: türkmen milli göreşi, guşak göreşi, agyr atletika, dzýudo, kýokusinkaý-karate, küşt we kuraş boýunça halkara ýaryşlarynda iň gowy netijeleri görkezen institutyň ýedi talybyny teklip edýär.

Türgenleriň hersine ýörite sanly kod berildi: Şahzadbek Matýakubow – 7; Sabina Kadyrowa – 8; Nurmuhammet Baýdogdyýew – 9; Guwanç Hemraýew – 10; Maýsa Pardaýewa – 11; Amanmuhammet Hommadow – 12; Gülnabat Ýazylowa – 13.

Olardan birine ses bermek üçin diňe «0518» belgä türgene degişli sanly kody ibermeli. Ses berişligiň netijeleri turkmentv.gov.tm saýtynda elýeterli bolar. Iň köp SMS alan türgen «Aýyň türgeni» diýlip yglan ediler. Bäsleşigiň ýeňijisine gymmat bahaly sowgat we Hormat haty gowşurylar. Mundan başga-da, ol hakda ýörite telewizion film surata düşüriler.

«Aýyň türgeni» atly taslamasynyň guramaçylary türkmenistanlylary SMS ses berişligine işjeň gatnaşmaga we türgenlerimizi goldamaga çagyrýar.