Lebap küşt mekdebiniň wekilleri 8, 10 we 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda toparlaýyn bäsleşikde ynamly ýeňiş gazandylar.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guran ýaryşyna ýurduň welaýatlarynyň ählisinden we paýtagtymyzdan 300-den gowrak küştçi gatnaşyp, olar nusgawy küşt, çalt we blis boýunça güýç synanyşdylar.

Üç ýaş toparynda ýurduň gündogar sebitiniň küştçüleri jemi 26 (7 altyn, 12 kümüş we 7 bürünç) medal gazandylar. Şeýle üstünlik tälimçiler toparynyň we ýaş oýunçylaryň zähmeti netijesinde gazanyldy. Öňki milli çempionatlarda Lebap küşt mekdebiniň wekilleri hormat münberiniň ýokary gatyny eýeläpdiler.

Ikinji orny 12 (5 altyn, 2 kümüş we 5 bürünç) medal gazanan Mary welaýatynyň topary eýeledi. Aşgabatly küştçüler 9 (4 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç) medal bilen üçünji orny eýelediler.

«Küşt Älemi» küşt akademiýasynyň wekilleri hem 5 (2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç) medal gazanyp, ýaryşda gowy netije görkezdiler.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) ýaryşdan daşary gatnaşan 6 ýaşa çenli çagalary aýratyn sylaglamagy ýakymly waka boldy. Bu täze kada altyn, kümüş we bürünç medallara eýe bolan 18 ýaş zehini höweslendirmäge gowy mümkinçilik berdi.

TKF-iň habar bermegine görä, milli birinjilik «Readit» kitap dükanynyň, «Küşt Älemi» küşt akademiýasynyň, «Sypaýy» kompaniýasynyň, «HIL-TM»-niň, «Belle» goşundysynyň we beýleki guramalaryň goldawy bilen guraldy.