Ï Ýokary hilli nygmatlara islegler barha artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary hilli nygmatlara islegler barha artýar

view-icon 1024
Ýokary hilli nygmatlara islegler barha artýar
Ýokary hilli nygmatlara islegler barha artýar
Ýokary hilli nygmatlara islegler barha artýar
Ýokary hilli nygmatlara islegler barha artýar
Ýokary hilli nygmatlara islegler barha artýar
Ýokary hilli nygmatlara islegler barha artýar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek, ony has-da galkyndyrmak maksady bilen telekeçilere, önüm öndürijilere döwlet derejesinde yzygiderli hemaýat-goldawlary berýär. Şonuň netijesinde hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk toplumy, hususy hojalyk ulgamy, olaryň köpugurly gaýtadan işleýän senagaty we eýeçiligiň dürli görnüşleri düýpli özgerişleri başdan geçirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän döwrebap şertleridir mümkinçiliklerinden ruhlanýan Günbatar sebitiň oba hojalykçylary, telekeçileridir önüm öndürijileri-de bu asylly işlere özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şeýle önümçilik düzümleriniň biri-de Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Paraw obasyndaky «Ýazlak» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hususy kärhana uly buýsanç bilen dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir aýyny oňat önümçilik görkezijilerine besleýärler. Bu ýerde ornaşdyrylan ösen tehnologiýalar, kämil tilsimatlar hem işleriň ýokary hil derejesini we netijeliligini şertlendirýär. Hemme amatlyklary özünde jemleýän kärhanada her aýda sygyrlardan saglyp alynýan 40-50 tonna süýt senagat taýdan gaýtadan işlenip, öndürilýän dürli önümler dessine sarp edijilere ugradylýar. Şeýle-de ekologiýa taýdan arassa, bäsleşige ukyply bolan ýokary hilli, dürli görnüşli süýt önümleri elýeterli bahalardan ilata ýetirilýär.

Häzirki wagtda «Ýazlak» hususy kärhanasynda süýt we süýt önümleriniň 15-e golaý görnüşi öndürilýär. Esasy zat hem bu ýerde ynsan saglygyna peýdaly, ýokumly, bereketli önümleriň öndürilişi barha artýar. Taýýarlanýan sygyr süýdi, ýagsyz we az ýagly gatyk, ýagsyz kefir, biokefir, tagamly nusgawy gatyk, ýagsyz uýadylan gaýmak, adaty we çig gaýmaklar, aýran, süzme, peýnir hem-de başga-da birnäçe süýt önümlerem sarp edijileriň alkyşlaryna mynasyp bolýar.

Kärhanada işler müşderileriň ösen islegleri esasynda kämil ýola goýlupdyr. Bu ýerde häzir ýaşlaryň 20-ä golaýy zähmet çekýär. Olar ýokary hil talaplaryna laýyk gelýän süýt we süýt önümlerini öndürmekde uly yhlaslylyk görkezýärler. Netijede öz işleriniň ussady bolan ezber ýaşlaryň taýýarlaýan harytlyk nyşanly önümlerine diňe bir Günbatar sebitiň etrap- şäherlerinde däl, eýsem, Diýarymyzyň çar künjeginde hem uly islegler bildirilýär.

Şu günlerde hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Merdan Öwezgylyjowyň ýolbaşçylyk edýän hususy kärhanasynyň hünärmenleri ilatymyzyň bereketli saçaklaryny tagamly naz-nygmatlar bilen üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda hasam tutanýerli zähmet çekýärler. Munuň üçin işewür telekeçileriň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň baş sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan egsilmez alkyşlarydyr hoşallyklarynyň asla çägi ýok. Şeýle-de hünärmenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler.