I. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 69-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 3-nji maddanyň birinji böleginde «ulanylýar» diýen sözden soň «, şu Kanunyň 111-nji maddasynda görkezilen halatlar muňa degişli däldir» diýen sözleri goşmaly;
2) 11-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«3. Ýüz tutýan şahs ýüztutma seredilmezinden öň, özüniň ýazmaça arzasy esasynda ony yzyna alyp biler. Ýüztutmanyň yzyna alynmagy onuň gaýtadan berilmegine päsgelçilik döretmeýär.»;
3) 11-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«111-nji madda. Gaýry ýüztutmalaryň seredilmegi
Administratiw önümçiligi we şu Kanunyň 3-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen ýagdaýlar bilen bagly bolmadyk ýüztutmalaryň kabul edilmegini, hasaba alynmagyny, seredilmegini hem-de saklanylmagyny guramak boýunça iş ýöretmegiň düzgünleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.»;
4) 44-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Administratiw nama, ol gönükdirilmedik gaýry gyzyklanýan şahslaryň kanuny bähbitlerine ilkinji gezek täsir edýän bolsa, administratiw nama şikaýat, olaryň şeýle namanyň kabul edilendigi barada habarly bolan gününden bir aýyň dowamynda, ýöne onuň kabul edilen gününden bir ýyldan gijä galman berlip bilner.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 12-nji apreli.