Ï 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň öňbaşçylary bäsdeşlerinden ara açýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň öňbaşçylary bäsdeşlerinden ara açýarlar

view-icon 4008
2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň öňbaşçylary bäsdeşlerinden ara açýarlar

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyry Mary welaýatynda, Türkmenbaşy şäherinde we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky duşuşyklar bilen başlandy.

Ilkinji duşuşyk Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňesligindaki «Sport desga» stadionynda boldy, bu ýerde meýdança eýesi hökmünde «Aşgabat» topary ýaryş sanawynda öňde barýan «Ahal» toparyny kabul etdi.

Duşuşygyň esasy bölegi çekeleşikli geçdi. «Aşgabat» topary 23-nji minutda «Ahal» toparyndan Meýlis Diniýewiň pökgüsine 54-nji minutda Oraz Orazowyň takyk urgusy bilen jogap berdi. Şondan soň meýdança eýeleri 1:1 hasaby uzak sakladylar. Şeýle bolsa-da, 74-nji we 90-njy minutlarda Meýlis Diniýew «Aşgabat» toparynyň derwezesine ýene iki pökgi geçirdi. Duşuşyk 95-nji minutda Gurbanmuhammet Esenowyň geçiren pökgüsi bilen 4:1 hasabynda «Ahal» toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Şeýle hasap, ýöne ýerli toparyň peýdasyna Türkmenbaşy şäherinde hasaba alyndy, onda ýerli «Şagadam» topary milli çempionatda soňky orunda barýan Aşgabadyň «Köpetdag» topary bilen duşuşdy. Ýeňijilerden Mekan Aşyrow (28-nji minutda), Yhlas Magtymow (71-nji minutda), Ýagşysähet Döwletgeldiýew (82-nji minutda) we Amir Gurbany (90 + 3 minutlarda) tapawutlandylar. Ýeňilen topardan teselli pökgüsini Orazgeldi Seýdiýew 67-nji minutda tora girizdi. 

Mary welaýatyndaky başga bir duşuşykda paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary 88-nji minutda Zafar Babajanowyň tagallasy bilen «Merw» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Merdan Durdymuhamedowyň 91-nji minutda meýdançadan çykarylandygy sebäpli ýerli topar duşuşygy azlykda tamamlady.

Bu duşuşyklardan soň ilkinji üçlükdäki toparlar beýlekilerden has öňe saýlandylar. «Ahal»  topary üç duşuşykda ýeňiş gazanyp, 15 utuk bilen öňbaşçylygyny berkitdi. «Altyn asyr» topary henizem ondan iki utuk yzda. «Şagadam» topary bolsa 11 utuk bilen ilkinji üçlüge girýär.

Futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyry «Nebitçi» bilen «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen tamamlanar.