«Arkadag» toparynyň futbolçylary 7-nji tapgyrda «Nebitçi» toparyny 1:0 hasabynda utup, Türkmenistanyň çempionatynda bassyr üçünji gezek ýeňiş gazandy.
Duşuşyk Balkanabatda geçirildi.
77-nji minuta çenli meýdança eýeleri Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempionyna we 2024/25 AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalçysyna degerli garşylyk görkezdi. Şeýle-de bolsa, myhmanlar topy çep tarapdan garşydaşynyň jerime meýdançasyna geçirdiler, bu ýerde soňky iki milli çempionatyň iň güýçli bombardiri Didar Durdyýew ýakyn aralykdan ýeňiş pökgüsini geçirdi.
Bu oýundan soň Wladimir Baýramowyň topary iň ýokary netije gazandy – 9 utuk toplady, ol 15 utuk bilen öňde barýan «Ahal» toparyndan 3 oýun az oýnady. «Nebitçi» 13 utuk bilen ikinji orunda barýar. Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary 11 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.
Ýedi tapgyrdan soň Abdyresul Abdyýew («Merw»), Zafar Babajanow («Altyn asyr»), Bäşim Gurbanberdiýew («Aşgabat»), Meýlis Diniýew («Ahal»), Didar Durdyýew we Yhlas Saparmämmedow (ikisem - «Arkadag») 3 pökgi geçirip, bomardirleriň ýaryşynda öňdeligi paýlaşýarlar. Begenç Akmämmedow («Arkadag»), Gurban Annaýew, Daýanç Meredow Elman Tagaýew (üçüsi hem - «Ahal»), Myrat Annaýew («Altyn asyr»), Mekan Aşyrow, Yhlas Magtymow (ikisem -«Şagadam») we Meýlis Gaýlyýew («Aşgabat») hersi 2 pökgi geçirdiler.
23-nji aprelde «Arkadag» we «Köpetdag» toparlarynyň arasynda 1-nji tapgyrda geçirilmedik oýun bolar. Milli çempionatyň ikinji aýlawyna başlajak 8-nji tapgyryň oýunlary 26-njy aprelde geçiriler. Şol gün: «Aşgabat» - «Altyn asyr», «Merw» - «Şagadam», «Nebitçi» - «Ahal» we «Köpetdag» - «Arkadag» toparlary bilen oýnarlar.