Ï «Köpetdag» topary futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeleýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Köpetdag» topary futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeleýär

view-icon 2521
«Köpetdag» topary futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeleýär

Aşgabadyň «Köpetdag» topary bassyr ikinji ýeňşini gazanyp, Türkmenistanyň futsal Naýbaşy ligasynda öňdeligi eýeledi.

Birinji tapgyrda TNGIZT-iň – 9:4 hasabynda utan Türkmenistanyň häzirki çempiony 2-nji tapgyryň esasy oýnunda Türkmenbaşynyň deňiz portunyň «Deňizçi» toparyny 4:0 hasabynda utup, 6 utuk bilen ýaryşda öňe saýlandy.

«Migrasiýa» we «Senagatbank» toparlary liderden 2 utuk yzda. Bu tapgyrda «Migrasiýa» topary TNGIZT-iň toparyny – 5:1 hasabynda ynamly ýeňdi, «Senagatbank» topary bolsa 1:0 hasabynda «Ahal» toparyny utdy.

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal liganyň ilkinji dört tapgyry Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçiriler.

3-nji tapgyrda «Köpetdag» – «Ahal», «Migrasiýa» – «Deňizçi» we «Senagatbank» – TNGIZT toparlary duşuşarlar.