2025-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň paýtagty ýene-de «Uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilişine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiýa ugurlary» (TESC 2025) atly halkara maslahat geçirmek bilen halkara energiýa meýdançasyna öwrüler. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmen Energiýa Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraýan bu möhüm çäresi öňdebaryjy bilermenleri, syýasatçylary, akademiki bileleşigiň wekillerini, maýa goýum toparlaryny we dünýä energiýa kompaniýalaryny Türkmenistanyň paýtagtyna ýygnar. Forumyň esasy maksady depginli tehnologiki we howa ýagdaýy şertlerinde pudagyň durnukly ösüşiniň geljegini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Maslahat gyzyklanýan taraplaryň has köpüsiniň gatnaşmagyna ýardam etjek garyşyk görnüşde geçiriler. Çäräniň maksatnamasy uglewodorod serişdelerini ekologiýa taýdan jogapkärli özleşdirmegiň zerurlygy, öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we geljekki energiýa ulgamynyň binýady hökmünde adam maýasynyň ösüşiniň möhüm ähmiýetini öz içine alýar.
Forumyň açylyş umumy mejlisinde «Uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilişine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologiýa ugurlary» atly halkara maslahat Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmegiň strategiki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar. Howa maksatlaryny önümçilik işlerine birleşdirmäge, şeýle hem önümçiligi intensifikasiýalaşdyrmak bilen ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmegiň arasynda deňagramlylygy agtarmaga aýratyn üns berler. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde ýataklary özleşdirmäge innowasion çemeleşmeler we nebit-gaz pudagyna maýa goýumlary üçin ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar. Hususan-da, «Emeli aňyň ornaşdyrylmagy arkaly uglewodorodlary çykarmagyň geljegi» atly birinji mejlisde bilermenler EA-ny ýatakalryň gözleginde we dolandyryşynda, şol sanda iş çykdajylaryny azaltmaga we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän maşyn öwreniş algoritmlerini we çaklaýyş analitikasyny ulanmagyň netijeleri bilen tanyşdyrarlar.
«Uglewodorod gazyp almakda metanyň we CO2 zyňyndylaryny azaltmak: Derweze gaz kraterine ünsi jemlemek» atly ikinji mejlisde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçiligiň we barlagynyň öňdebaryjy usullary, şol sanda hemra tehnologiýalaryny ulanmak we metany tutup galmak hem-de gaýtadan işlemek ulgamlary bilen baglanyşykly meselelere serediler. Parnik gazlarynyň zyňyndylary we innowasion ekologiki çözgütleri gözlemek boýunça Derweze gaz krateriniň täsin obýekt hökmünde ýagdaýy ylmy taýdan aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu çekişme Ählumumy Metan borçnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmek we milli ekologiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdäki ugruny durmuşa geçirmekde möhüm tapgyrdyr.
"Uglewodorod serişdeleriniň ekologiýa taýdan jogapkär we durnukly çykarylmagyny üpjün etmegiň esasy elementi hökmünde adam maýasy" —senagatyň durnukly ösüşiniň ynsanperwer tarapy üçünji mejlisiň esasy temasy bolar. Onda kärine ussat hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak, ýörite bilimiň, halkara tejribe alyşmagyň ähmiýeti we energiýa pudagynyň üstünlikli ýaşyl öwrülişigini üpjün etmäge ukyply işgärler goruny emele gelmekde dersara çemeleşmeleriň zerurlygy ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlisiň esasy tezisi adam maýasynyň nebit-gaz pudagynda ekologiýa durnuklylygy maksatlaryna ýetmek üçin strategiki çeşme hökmünde ykrar edilmegidir.
Maslahata 30-dan gowrak ýurtdan 300-den gowrak wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar, bu bolsa çärä halkara gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, şu ýyl wekilleriň sanynyň has artmagy hem muny tassyklaýar. Olaryň arasynda «SPE», «CNPC», «Dragon Oil», «PETRONAS», şeýle hem BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary ýaly öňdebaryjy halkara guramalary bar. Bu çäre energiýa pudagynyň geljegini we dünýä derejesinde durnukly ösüşi ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.
Forum «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlga institutynda geçiriler, bu ýerde umumy mejlisler, tematiki çekişmeler, täze işewür gatnaşyklary, ylmy çykyşlar bilen tanyşdyrylyşlar we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar.
TESC 2025 diňe bir abraýly maslahat hökmünde däl, eýsem ählumumy howa we tehnologiki özgerişler şertlerinde Türkmenistanyň energiýa pudagynyň durnukly ösüş ugruny kesgitleýän ösen bilimleri, innowasiýa tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary intensiw alyşmak üçin strategiki meýdança bolar. Forumyň geçirilmegi ýurduň halkara hyzmatdaşlygyna açykdygyny we dünýä energiýa arenasynda ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde tutýan ornuny pugtalandyrmaga islegini görkezýär.