«Arkadag» toparynyň futbolçylary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 2024/25-nji ýyldaky möwsüminiň final oýnunda ýerli «Svay Rieng» kluby bilen duşuşmak üçin Kamboja gitdi.
Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempionynyň ýaryşyň aýgytly oýnundaky garşydaşy Kambojanyň çempiony bilen Indoneziýanyň «Madura United» klubunyň arasyndaky ýarym final iki duşuşygynyň netijesinde belli boldy.

Pnompende geçirilen birinji oýunda «Svay Rieng» Breninhonyň 4-nji, Bunphaçan Bounkongyň 6-njy we Min Ratanakyň 90-njy minutlarda geçiren gollary netijesinde 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Indoneziýanyň Madura adasyndaky Pamekasan şäherinde geçirilen jogap oýnunda garşydaşlar 3: 3 hasabynda deň oýnadylar. Duşuşygyň barşynda 1: 0, 3: 1 hasabynda öňe saýlanan myhmanlardan Gabriel Silwa 5-nji, Bunphaçan Bounkong 28-nji we Min Ratanak 56-njy minutlarda tapawutlandylar. Meýdança eýelerinden Pedro Monteýro 27-nji we Andi Irfan 58-nji minutlarda garşydaşlarynyň derwezesine pökgi saldylar. Ýene bir pökgini Wireak Dar 76-njy minutda öz toparynyň derwezesine saldy.

2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň final oýny 10-njy maýda Pnompeniň 60 000 orunlyk «Morodok Techo» stadionynda geçiriler.

Finalçylaryň ikisi-de kontinental kubok üçin aýgytly oýna gowy taýýarlykly geldiler: «Svay Rieng» topary Kambojanyň premýer-ligasynda çempionlygyny saklap galdy, «Arkadag» topary bolsa bassyr alty ýeňiş bilen çempionlygyny saklamaga başlady. Iki topar hem ilkinji gezek Aziýa kubogy ugrunda bäsleşýär, bu bolsa final oýnuny has-da dartgynly eder.

Kambojanyň dört gezek çempiony «Svay Rieng» toparyny 2023-nji ýylyň 6-njy maýyndan bäri ispan hünärmeni Pep Munýos türgenleşdirýär.Duşuşykdan öňki metbugat maslahatynda «Preah Khan Reaçh Svay Rieng» toparynyň baş tälimçisi we onuň «Arkadag» toparyndan kärdeşi Ahmet Allaberdiýew AFK-nyň 2024/25 Çagyryş ligasynyň finalynda barlyşyksyz göreşjekdigini aýtdylar.
Munýos: «Iň gowy oýnumyzy görkezmek, janköýerlerimizi begendirmek we oýunda ýeňiş gazanmak üçin köp türgenleşdik» – diýdi.
Final oýnunyň petekleri eýýäm satyldy. Kamboja klubunyň taryhynyň iň möhüm oýnunda 60 000 janköýer ony goldar, ispaniýaly tälimçi Munýos bu goldawdan hoşal.
Kamboja klubynyň tälimçisi: «Janköýerlere hoşallyk sözlerini aýdasym gelýär, sebäbi bilet almagyň kyn bolandygyny bilýärin. Duşuşyk tutuş ýurda uly ekranlarynda ýaýlyma berler, bizem olary begendirmek üçin elimizden gelenini ederis» – diýdi.
«Svay Rieng» toparynyň garşydaşy barada bolsa «Arkadag» toparynyň güýjüni gowy bilýändigini aýtdy.
«Arkadag» toparynyň hüjümli futbol oýnamagy halaýandygyny bilýärin. Biz muňa taýyn. Finalda taýynlyk görmek üçin tutuş bir hepde wagtymyz boldy, bizem gowy taýýarlanmaga synanyşdyk. Oýunçylara ynam döretmeklige ünsi jemledik. Ýeňiş aňsat bolmaz, ýöne oňa ýetmek üçin elimizden gelenini ederis» – diýip, Munýos nygtady.
Onuň kärdeşi Ahmet Allaberdiýew finalda ýeňşiň türkmen toparyna hem zerurdygyny aýtdy, sebäbi bu oýunçylara diňe bir yklym baýragyny däl, eýsem geljekde ösüşlere kömek etjek tejribe hem berer– diýdi.
A.Allaberdýew: «Biz ýeňiş gazanmak üçin elimizden gelenini ederis. Eger-de finala çykan bolsak, bu hemme zady dogry edendigimizi görkezýär, indi baýragy gazanmak barada gürrüň gidýär» – belledi.
«Arkadag» toparynyň tälimçisi garşydaşyny köp sanly janköýeriň goldaýandygy üçin alada galmaýandygyny aýtdy.
Ahmet Allaberdiýew: «Janköýerlerden doly stadionda oýnamak bize has köp güýç berer we ruhumyzy beýgelder. Biz gaty köp işledik, janköýerler diňe özümizi gaýgyrman oýnamaga höwes döredýärler» – diýdi.
Şeýle hem ol «Arkadagyň» toparynyň «Svay Rieng» toparyna kembaha garaman ýalňyşlyk goýbermejekdigini, şonuň üçin esasy ünsi iň gowy oýnuny görkezmäge gönükdirjekdigini aýtdy.
«Svay Rieng» toparyny sylaýarys we onuň gowy topardygyny bilýäris, ýöne ertir meýdançada baýrak almak üçin elimizden gelenini ederis».
Aziýanyň klublar ligasynyň ähmiýeti boýunça üçünji derejeli ýarysy – AFK-nyň Çagyryş ligasy Aziýanyň has güýçli Çempionlar ligasy we AFK Çempionlar ligasy 2 ýaryşlaryndan has pes derejedäki toparlaryň gatnaşýan klublar ýaryşydyr. Ýaryş futbol zehinini görkezmäge hyjuwly toparlar üçin döredildi.