Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ähli gyzyklanýan şahslary tälimçilik okuwyna çagyrýar.
Sapaklar 2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda geçiriler. Okuwy üstünlikli tamamlan tälimçiler futbol endiklerini öwretmegiň başlangyç derejesinde, hususan-da, futbol klublarynda, sport mekdeplerinde we akademiýalarda çagalar bilen işlemek hukugyny berýän “D” derejesine degişli ygtyýarnama alarlar.
Gyzyklanýan şahslara 2025-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli arza we beýleki gerekli resminamalary PDF formatynda tabşyrmak maslahat berilýär.
Arzalar gözden geçirilenden soň, olary berenler Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri bilen söhbetdeşlige çagyrylar.
Sowallary bolanlar şu telefon belgisine jaň edip bilerler: +993 65 906 195.