Türkmenistanda +40 gradusdan ýokary bolan yssy howa ymykly ornaşdy. Şeýle-de bolsa, hepdäniň ikinji ýarymynda käbir sebitlerde gysga wagtlyk ýagyş ýagar diýlip çak edilýär.
Aşgabatda açyk howa bolup, howa gündizlerine +39...+41 gradus, gijelerine +23...+25 gradus bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +38...+43 gradus, gijelerine +21...+26 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda az wagtlyk ýagyş ýagar diýlip çaklanylýar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +35...+40 gradus, gijelerine +17...+22 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar diýlip çaklanylýar.
Mary welaýatynda açyk howa bolup, howa gündizlerine +38…+43 gradus, gijelerine +22…+27 gradus bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +38…+43 gradus, gijelerine +22…+27 gradus bolar.
Daşoguz welaýatynda az bulutly howa bolup, howa gündizlerine +38…+43 gradus, gijelerine +20…+25 gradus bolar. Hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar diýlip çaklanylýar.