Ï Merkezi Aziýanyň habar beriş serişdeleri Aşgabatda geçýän Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyny aýdyň beýan edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýanyň habar beriş serişdeleri Aşgabatda geçýän Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyny aýdyň beýan edýär

view-icon 2524
Merkezi Aziýanyň habar beriş serişdeleri Aşgabatda geçýän Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyny aýdyň beýan edýär

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçýän Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň üns merkezine öwrüldi.

Türkmenistanyň milli habar beriş serişdeleri, şeýle hem «Zamon» maglumat portaly (Özbegistan), «Baige news» maglumat-derňew portaly (Gazagystan), «Eltr-Gyrgyzystan» teleýaýlymy we «Ilm wa haýot» žurnaly (Täjigistan) bu çäräniň ýokary guramaçylygyny we aňrybaşy wajyplygyny bellemek bilen, onuň barşyny hem mejlisleriniň möhüm pursatlaryny aýdyň beýan edýärler. Muňa myhmanlaryň köpsanly oňaýly seslenmeleri-de şaýatlyk edýär.

Maslahatyň öňüsyrasynda žurnalistler üçin howa dahylly mowzugy beýan etmek boýunça ýörite okuwyň geçirilendigini bellemek gerek.

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi (MASEM) tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guralan maslahatyň esasy maksady üýtgewli gepleşiklere itergi bermek we NCQG bilen ylalaşylan strategik maliýeleşdirme, innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howa şertlerine durnuklylygyny güýçlendirmekde kömek bermekdir.

Maslahatyň maksady ileri tutulýan milli ugurlary sebit we bütindünýä howa meýilnamasy bilen birleşdirýän anyk meýilnamalary, şol sanda COP29 we COP30-da kabul edilen borçnamalary işläp düzmek, şeýle hem Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça sebit strategiýasynyň durmuşa geçirmekdir.

Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahatyny geçirmekde Merkezi Aziýa üçin suw we energetika maksatnamasy (MASEM), Bütindünýä bankynyň RESILAND CA + 5 maksatnamasy, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) we beýleki abraýly hyzmatdaş guramalar tarapyndan ep-esli goldaw berilýär, bularyň her biri howanyň durnuklylygy meselesini ara alyp maslahatlaşmaga möhüm goşant goşýar.