Aşgabadyň «Köpetdag» topary Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda ýene bir ýeňiş gazandy. Parahat Garaýewiň şägirtleri Türkmenbaşy şäherinde geçen 6-njy tapgyryň duşuşyklarynda ýerli TNGIZT-iň toparyny 7:1 hasabynda utup, öňdäki ornuny berkitdi.
Bu ýeňişden soň Türkmenistanyň häzirki çempiony 15 utuk toplap, ikinji we üçünji orunlary eýeleýän «Migrasiýa» topary bilen «Senagatbank» toparyndan aratapawudyny 5 utuga çenli artdyrdy. 6-njy tapgyrda «Köpetdag» toparynyň söbügini basyp gelýän toparlar öz aralarynda oýnadylar. Oýun diýseň çekeleşikli geçdi we 2:1 hasabynda «Migrasiýa» toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Tapgyryň başga bir oýnunda Türkmenistanyň öňki çempiony «Deňizçi» topary «Ahal» toparyny 5:3 hasabynda utdy. Bu ýeňiş Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň toparyna 7 utuk toplan «Ahal» topary bilen utuk taýdan deňleşmäge mümkinçilik berdi.
TNGIZT-iň topary 3 utuk bilen ýaryş sanawynyň soňunda barýar.
Naýbaşy ligada futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen at ugrunda alty klubuň bäsleşýändigini ýatladýarys. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» toparlary Aşgabat, şäheriniň ikisi – «Deňizçi» topary bilen TNGIT-iň topary Türkmenbaşy şäheriniň, ýagny Balkan welaýatynyň, «Ahal» topary bolsa Ahal welaýatynyň toparlarydyr.
Ýaryşyň düzgünine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar biri-biri bilen dört aýlawda oýnap, noýabr aýynda ýeňijini kesgitlärler.