Ï Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşy Aşgabada gelmezden ozal Hindistanyň toparyny utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşy Aşgabada gelmezden ozal Hindistanyň toparyny utdy

view-icon 2256
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň garşydaşy Aşgabada gelmezden ozal Hindistanyň toparyny utdy

Tailandyň ýygyndy toparynyň futbolçylary 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy ýaryşyna türkmenistanly garşydaşlary bilen duşuşyga taýýarlygyň çäklerinde ýoldaşlyk duşuşygynda Hindistanyň toparyny 2:0 hasabynda utdy. Duşuşyk Bangkogyň golaýyndaky Pathumthanidäki 25000 tomaşaçy üçin niýetlenen «Tammasat» stadionynda geçirildi.

Hasaby 8-nji minutda 24 ýaşly hüjüm edýän ýarymgoragçy Benjamin Dewis açdy, ol Korawiç Tasanyň geçiren takyk pökgüsini tora saldy. 58-nji minutda derwezäniň ýokary burçuna dürs uran 26 ýaşly hüjümçi Poramet Arjwira «Söweş piller» diýlip atlandyrylýan Tailandyň milli ýygyndysyna üstünlik getirdi.

Ol tailandly futbolçylaryň 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama oýnundan öňki 10-njy iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary bilen duşuşyga soňky taýýarlygydy.

Tailandyň milli ýygyndysyna 2023-nji ýylyň 22-nji noýabryndan bäri 58 ýaşly belli ýapon hünärmeni Masatada Isii tälim berýär, onuň ýolbaşçylygynda Kashima Antlers ýapon topary 2016-njy ýyldaky toparlaryň dünýä çempionatynyň finalyna çykdy, onda goşmaça wagtda Madridiň «Realyndan» 2:4 hasabynda utuldy, Tailandyň «Buriram United» topary iki möwsümde (2021-2022 we 2022-2023-nji ýyllarda) çempion bolup, Tailandyň Kubogy we Tailandyň ligasynyň Kubogy ýaryşynda ýeňiş gazandy.

FIFA-nyň görkezijisinde 99-njy orunda durýan Tailandyň futbol ýygyndysy hiç haçan dünýä çempionatyna gatnaşmady, ýöne AFK-nyň Aziýa Kubogyna yzygiderli, sekiz gezek gatnaşdy. Aziýa futbol ýaryşynda iň gowy çykyşy 1972-nji ýylda Tailandda geçirilen ýaryşda üçünji orny eýelemegi boldy. Aziýa kubogynyň soňky iki ýaryşynda «Söweş piller» utulan-çykdy tapgyryna çykdy, ýöne 1/8 finalda ýaryşdan galdy.

Şeýle hem Tailandyň ýygyndysy ASEAN (Günorta-Gündogar Aziýa) çempionatynda ýedi gezek ýeňiji boldy, 2024-nji ýylda finalda Wýetnamdan utulyp, ýaryşyň soňky bäsleşiginde ikinji orna düşdi.

Hünärmenleriň köpüsiniň pikiriçe, soňky bäş duşuşygyň üçüsinde ýeňiş gazanan Tailandyň ýygyndy topary soňky döwürde gowy netije gazanýar. Ýoldaşlyk duşuşyklarda Owganystanyň we Hindistanyň toparlaryny 2:0 hasabynda ýeňdi, resmi duşuşykda Şri-Lankanyň milli ýygyndysyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Soňky ýeňlişleriniň ikisi-de 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ASEAN-yň çempionatynda Wýetnamyň toparyndan – 1:2 we 2:3 hasabynda utuldy.

Tailandyň ýygyndy toparynyň esasy oýunçylarynyň arasynda ýarymgoragçy Çanatipa Songkrasini görkezme bolar, ol ýygyndynyň hatarynda 70 oýna gatnaşan iň tejribeli oýunçydyr, şeýle hem hüjümçi Supaçaýa Çaýdedi, ýedi oýunda dört pökgi geçiren ýarymgoragçy Benjamin Dewisi we boýy iki metr asly italiýaly goragçysy Marko Ballinini görkezmek bolar.

Türkmen futbolçylarynyň garşydaş toparynda daşary ýurt toparlarynda oýnaýan birnäçe oýunçy bar. Olar ýarymgoragçy Jaroensak Wonggorn (Ýaponiýanyň ýokary diwizionyndan «Sereko Osaka» topary), ýarymgoragçy Ekanit Panýa (Ýaponiýanyň ikinji diwizionyndan «Ehime» FK) we asly şwesiýaly goragçy Elias Dolah (Indoneziýanyň ýokary diwizionyndan «Bali Ýunaýted» topary) ýaly oýunçylardyr.

Tailandyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň duşuşykdan öňki metbugat ýygnagynda aýdyşy ýaly, esasy oýunçylaryň birnäçesi şikes sebäpli Aşgabada gelip bilmedi. Şeýle-de bolsa, myhmanlaryň tälimçiler toparynyň tamasy uly. 

Maslahatda Isii: «Biz Aşgabada söweşjeň ruhly geldik, şonuň üçinem ýokary hilli futbol görkezmekçi. Biziň maksadymyz bir – ýeňiş gazanmak» – diýdi. 

Dogrusy, Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem güýçli garşydaşyna mynasyp oýun görkezmekçi.

Türkmen toparynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow: «Biziň meýilnamalarymyz ýokary: toparçadan çykmak, Aziýa Kubogy ýaryşyna gatnaşmak» – diýdi.

Ol ýurdumyzyň toparlarynyň we ýaşlar ýygyndy toparlarynyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleriniň milli futbolyň ösmegi üçin amatly şert döredýändigini aýtdy. R.Meredowyň pikiriçe, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurdumyzda futbolyň ösmegi üçin berk binýady döretmek üçin güýçli tagalla edýär.

Türkmenistanyň we Tailandyň ýygyndy toparlarynyň indiki saýlama oýuna «D» toparçanyň öňbaşçylary hökmünde gelendigini ýatladýarys. Birinji tapgyrda türkmen futbolçylary Hytaý Taýpeýinden 2:1 hasabynda üstün çykdy, Tailand bolsa öz meýdançasynda Şri-Lankany 1:0 hasabynda utdy.