Ï Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy topary (U20) CAFA 2025 çempionatynda çykyşa girişdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy topary (U20) CAFA 2025 çempionatynda çykyşa girişdi

view-icon 2656
Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy topary (U20) CAFA 2025 çempionatynda çykyşa girişdi

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy topary (U20) 10-njy iýundan 17-nji iýuny aralygynda Täjigistanyň Gissar we Tursunzade şäherlerinde geçiriljek Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatyna gatnaşar.

Ýaryşa 2 toparça bölünen 6 topar gatnaşýar.

Bijäniň netijelerine görä, Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy topary CAFA 2025 çempionatynyň «B» toparçasynda oýnar. Toparymyz Eýranyň we Özbegistanyň toparlary bilen bäsleşer. «A» toparçada Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ýaşlar ýygyndy toparlary oýnar.

Toparça tapgyrynda toparlar bir aýlaw oýnarlar. Soňra toparçalaryň ýeňijileri finalda duşuşarlar. Toparlarda ikinji orny eýelän toparlar bürünç medallar ugrunda bäsleşerler. Şeýle hem bäşinji-altynjy ýer üçin teselli beriji duşuşygy bolar.

Geçen ýyldan bäri Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy toparyna 44 ýaşly Döwletmyrat Annaýew tälim berýär, ol 2019-njy ýylda «Köpetdag» topary bilen birinji ligada ýeňiji bolupdy, soň ýokary ligada Tofik Şükürowa bu toparda işlände onuň kömekçisi boldy, «Aşgabat» we «Ahal» toparlarynda baş tälimçi boldy, şeýle hem Iordaniýada geçirilen Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy toparyna (U17) ýolbaşçylyk etdi. Ýygyndy toparda işlände oňa Daýanç Garajaýew we derwezebanlaryň tälimçisi Merdan Saparow kömek edýärler.

CAFA 2025 çempionatyna gatnaşmazdan ozal Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary Buharada okuw-türgenleşigini geçdiler, oňa 20 futbolçy çagyryldy. Olar Ýakubmuhammet Gowşudow, Berdimyrat Daňatarow, Annamyrat Meredow, Medetgeldi Çaryýew, Şyhnyýaz Ataýew (hemmesi «Ahal» toparyndan), Akmuhammet Amanow, Orazguly Orazgulyýew, Weýisgeldi Orazdurdyýew, Geldimyrat Çolukow (hemmesi «Altyn asyr»), Diýargylyç Urazow, Ýagmyr Hojyýew, Süleýmannazar Gowşudow (üçüsem «Arkadag»), Kerim Baýramow, Hemra Gylyjow (ikisi-de «Aşgabat»), Gurbanguly Garaýew, Wadim Beçin (ikisi-de «Şagadam»), Yzzat Erkinow («Merw») Arslan Wepaýew («Altyn Täç» akademiýasyndan) we Jelaletdin Ýangybaýew («Çigotaý» akademiýasyndan, Özbegistan).