Ï Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda öňdeligi eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda öňdeligi eýelediler

view-icon 3576
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda öňdeligi eýelediler

Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň küştçüleri türkmen paýtagtynda geçirilýän «Aşgabat 2025» halkara küşt ýaryşynda alty tapgyryň netijesi boýunça öňdeligi eýelediler. Rapid (çalt küşt) we blis (ýyldyrym çaltlygyndaky küşt) boýunça 12 medal toplumy ugrunda ýaryşa 11 ýurtdan – Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan we Türkmenistandan 8, 10 we 12 ýaşly 129 türgen (70 oglan we 59 gyz) gatnaşýar.

Türkmenistana meýdança eýesi hökmünde 81 küştçi (41 oglan we 40 gyz) wekilçilik edýär. 

Iki ugur boýunça ýaryşlar şweýsariýa düzgünine laýyklykda 9 tapgyrda geçirilýär. 

Rapid boýunça bäsleşikler medallaryň ilkinji alty toplumy ugrunda geçiriler, onda her döwe her göçüm üçin 10 sekunt goşmak bilen her oýna 15 minut wagt berilýär. Bäsleşigiň bu görnüşinde eýýäm 6 tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Olaryň netijesi boýunça her ýaş toparynda öňdäki orunlary eýelänler kesgitlenildi.

8 ýaşa ýetmedik oglanlar toparynda Aşgabadyň «Küşt Älemi», klubunyň wekili Çaryhekim Çaryýew mümkin bolan 6 utukdan 5 utuk toplap, özbegistanly Saýfudin Erkinboýew bilen öňdeligi paýlaşýar. Olardan soň Russiýadan, Gazagystandan we Türkmenistandan 5 oýunçy bolup, olaryň hersi 4 utuk toplady.

8 ýaşa çenli gyzjagazlaryň arasynda Zarina Larina (Özbegistan) 6 utukdan 5,5 utuk toplap, birinji orny eýeleýär. Amira Alemanowa (Gazagystan) we Bägül Jumaýewa (Türkmenistan) ondan bir utuk yzda.

10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda mümkin bolan 6 utukdan 5,5 utuk gazanan türkmenabatly ildeşimiz Maksat Öwlýäkulyýew we Özbegistandan Abdurahmon Rajabow öňdeligi paýlaşýarlar. Üçünji orny olardan bir utuk az toplan gazagystanly Alrami Mukaşew eýeleýär. 

10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Läle Wepaýewa («Küşt Älemi», Türkmenistan) 5 utuk bilen öňde barýar. Zarina Nematžonowa (Özbegistan) we türkmenabatly Güneş Baýramowa ondan ýarym utuk yzda. 

12 ýaşa çenli oglanlar toparynda aňrybaş (6 utukdan 6 utuk) netije bilen birinji orny şu ýyl Günbatar Aziýanyň iki gezek çempiony Nurasyl Primbetow (Gazagystan) eýeleýär. Ondan soňky orunda 5 utuk bilen maryly Alyhan Batyrow we Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan 4 utuk toplan üç oýunçy barýar. 

Ýaşy 12-ä ýetmedik gyzlaryň arasynda daşoguzly Dilber Hupbyýewa 5,5 utuk bilen öňde barýar. Türkmenabatly Aýýa Baýramowa ondan ýarym utuk az toplady. 3-4-nji ýeri bolsa Malika Norkulowa (Özbegistan) we Dursunjemal Kullyýewa (Türkmenistan) paýlaşýarlar, olaryň hersiniň 4 utugy bar. 

Rapid boýunça bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler galan üç tapgyryň netijeleri boýunça kesgitlener. 

«Aşgabat 2025» halkara ýaryşynyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we ýurduň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleri şäheri» derejesine bagyşlanan çäreleriň çäklerinde guralandygyny ýatladýarys.