18-nji iýunda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Beýik Serdar nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi.
Oňa Gökdere jülgesinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.
10–14 ýaşly ýetginjek oglanlar ýangyna garşy göreşmek ukyplaryny 5 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde görkezdiler. Olar agaç päsgelçiliklerinden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküji guraly suw geçirijä birikdirip hem-de aýryp, ylgawyny dowam etdirmek, pökgüleri nyşananyň içine düşürmek, ýangyn söndürijini dogry ulanmak, emeli ýangyna garşy göreşmegiň dogry düzgünini ýerine ýetirip, ýangyny söndürmek boýunça bäsleşdiler.
Ýaryş Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýetiniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Ýangyn-amaly sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.
Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça 3-nji orna «Altyn damja», 2-nji orna «Beýik Serdar nesilleri», 1-nji orna «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň höwesek, ýaş ýangyn söndürijiler topary mynasyp boldular. Çagalara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan dürli sowgatlar we Diplomlar gowşuryldy.
1-nji orna mynasyp bolan «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň toparyna «Gökdere çagalar dynç alyş merkezleriniň sagaldyş öýleriniň arasynda geçirilen ýangyn-amaly sporty bilen baglanyşykly bäsleşigiň göçme kubogy» dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigi guraýjylaryň biri bolan Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 106-njy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Hemra Begliýew bilen söhbetdeşligimizde, ýeňiji bolan toparyň päsgelçilikleriň hemmesinden üstün çykyp, iň çalt, ýagny 1 minut 36 sekuntda pellehana gelmegi başarandygyny belledi. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy bilen, ýaş nesliň beden we aň taýdan sazlaşykly kemala gelýändigini, dynç alýan döwründe ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykýandygyny, ýangyny howpsuz söndürmegiň kadalaryny özleşdirýändigini aýtdy.
Ýeri gelende bellesek, döwrebap dynç almak üçin ähli amatlyklary öz içine alýan «Beýik Serdar nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde häzirki wagtda 300-den gowrak körpeler wagtlaryny hoş geçirýärler. Dynç alyş wagtlarynda edilen el işlerinden, çekilen dürli suratlardan ybarat gurnaklar otagy, küşt, kompýuter otaglary çagalaryň gelim-gidimli ýerleriniň biridir.
Şeýle hem bu ýerde hereket edýän Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy myhmanlaryň hyzmatynda.