Daşoguzyň «Gülistan» ýaşaýyş jaýlary toplumynda 240 orunlyk täze çagalar bagynyň gurluşygy başlandy. Ony «Mäkäm» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bina edýärler. Täze bina jemi iki ýarym gektara golaý meýdany tutýar. Häzirki wagtda çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, şol sanda daşary ýurt dillerini öwretmek, çagalaryň işjeň oýunlary we döredijiligi üçin hem-de kompýuter enjamlary bilen işlemäge höweslendirmek üçin ähli şertleri döredilen mekdebe çenli çagalar bagynyň düýbüni tutmak üçin işler alnyp barylýar.
Täze çagalar bagynyň iki gatly binasynda on iki topar üçin otaglar bolar. Her toparyň eşik çalşylýan otagy, iýmit paýlaýyş otagy, oýunlar otagy, ýatylýan otagy we hajathanasy bolar. Şeýle hem aýdym-saz zaly, ýapyk suw howdany we açyk meýdança hem-de naharhana gurlar.
Abadanlaşdyrylan daşky gurşawda dynç alyş we oýunlar üçin meýdança, gök önümleri we miweleri ekmek üçin meýdança we dürli maksatly beýleki zerur desgalar bolar.
Şäheriň çalt ösýän ýaşaýyş toplumynda ozalam döwrebap çagalar bagynyň we umumy bilim berýän mekdebiň gurlandygyny bellemek gerek. Döwlet özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Daşoguz welaýatynda onlarça täze häzirki zaman çagalar bagy guruldy we gurulýar. Şol bir wagtyň özünde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ençemesiniň durkuny täzelemek, bilim we terbiýe işlerinde zerur ähli şertleri üpjün etmek boýunça işler durmuşa geçirildi.