Gojaman Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýä ýüzünde giňden meşhurlyga eýe bolýar. Ekologik taýdan arassa, jana şypaly bu täsin künjekde, arzyly mekanda geçirilýän dürli derejeli halkara forumlarynyň, çäreleriň sany yzygiderli artýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iýun aýynyň birinji on günlüginde «Awaza-dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň ýokary derejede geçirilmegi aýdylanlara bütin aýdyňlygy bilen doly güwä geçýär. Sungatyň, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylýan gyzykly çäreler hem bu ýerde mynasyp dowamatyny tapýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň eziz Diýarymyzyň beýleki künjeklerinde ýerleşýän dynç alyş-sagaldyş merkezlerinden tapawutly tarapy onuň ählitaraplaýyn amatly gurşawy özünde jemleýän şypaly deňiz ýakasynda ýerleşýänligidir.
Häzirki wagtda bu ýere ýurdumyzyň ähli welaýatyndan hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinden gelen ýaş nesliň uly topary dynç alýarlar. Çagalaryň arasynda guralýan aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-sport çäreleriň. duşuşyklaryň, zehin, döredijilik bäsleşikleriniň, şadyýan oýunlaryň, gezelençleriň şowhuny ajaýyp zolagyň çar tarapyna özboluşly mukam bolup ýaň salýar.
Awazada ýurdumyzyň sebitlerine degişli «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň işleri göwnejaý ýola goýlupdyr. Bellenilen meýilnamalar esasynda olarda çagalar wagtlaryny diýseň şatlykly, peýdaly geçirýärler. Şeýle dynç alyş Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde-de üstünlikli dowam edýär. Şonuň ýaly-da olar dynç alşyň çäklerinde «Awaza» akwoparkynda, «Älemgoşar», «Jadyly kenar» attraksionly seýilgählerinde, Awazanyň gözel we taryhy ýerlerinde gyzykly gezelençlerde bolýarlar. Mawy deňziň kenaryny bezäp oturan owadan myhmanhanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň çägindäki suwa düşülýän howuzlar, medeni ojaklar, sport meýdançalary, beýleki birgiden ajaýyp merkezlerem körpeleriň arzyly ýerlerine öwrüldi.
Ýeri gelende aýtsak, Hazaryň giňişliklerinde, «Awaza» derýasynda dürli gämileriň, gaýyklaryň, katamaranlaryň hereketi aýdym-sazly çykyşlaryň, şadyýan gülki sesleriň şatlyk-şowhuny bilen utgaşýar. «Awaza» derýasynyň kenarynda ýerleşýän «Gämiler dünýäsi» muzeýi hem çagalaryň iň bir gelim-gidimli ýeri hasaplanýar. Muzeýde rejelenip goýlan dürli görnüşli gämi maketleri bolsa dünýäniň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän suw giňişliklerinde irki döwürlerde hereket eden ulaglaryň, şol sanda häzirkizaman gämileriň taryhyndan söz açýar. Elbetde, olar hakynda geçen asyrlara degişli taryhy ähmiýetli, geň-enaýy maglumatlary bilmek, öwrenmek bilesigeliji çagalar üçin hem, dürli ýaşdaky, kärdäki her bir adam üçin hem gyzykly bolsa gerek.
Şu günlerde bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirýän, dynç alşyň lezzetini görýän ruhubelent çagalaryň begençleriniň, şatlyk-buýsançlarynyň çägi ýok. Olar iň ýagşy arzuwlaryň, islegleriň amala aşyrylýan bagtly ýurdunda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredip berlen nusgalyk şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan edýärler.