Ï Merkezi Aziýa WKF karate çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýene 6 medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa WKF karate çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýene 6 medal gazandy

view-icon 3080
Merkezi Aziýa WKF karate çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýene 6 medal gazandy
Merkezi Aziýa WKF karate çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýene 6 medal gazandy
Merkezi Aziýa WKF karate çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýene 6 medal gazandy
Merkezi Aziýa WKF karate çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýene 6 medal gazandy

Bişkekde geçýän Merkezi Aziýa WKF karate çempionatynda ýaryşyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary 2-si altyn, 2-si kümüş we 2-si bürünç bolmak bilen, ýene 6 medal gazandy.

Toparymyzdan hormat münberiniň iň ýokary gatyna Goranmak ministrliginiň gullukçysy Arzuw Seýitgulyýew (kumite, agramy 55 kilograma çenli) we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Baýry Baýryýew (kumite, 84 kg çenli) dagy çykdy. Baýry Baýryýew karate bilen tälimçi Nazmämmet Satlykgulyýewiň ýolbaşçylygynda meşgullanýar.

Kümüş medallara Türkmenistanyň Howpsuzlyk gullugynyň esgeri Resul Garataýew (kumite, 55 kg çenli) we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Dawut Nazmyradow (kumite, 75 kg çenli) dagy mynasyp boldy. Türgenleriň ikisi-de ussatlygyny Nazmämmet Satlykgulyýewiň ýolbaşçylygynda kämileşdirýär.

Bürünç medallara Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabyndaky iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 16-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew (ýetginjekleriň arasynda kumite, 55 kilograma çenli, tälimçisi Amangeldi Bäşimow) we Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Şatlyk Allakow (ulularyň arasynda kumite, 84 kg ýokary, tälimçisi Mergen Nuryýew) dagy eýe boldular.

Ondan öň ýaryşyň birinji gününde türkmen karateçileri katada 7 medal (2 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç), ikinji gün bolsa kumitede ýene 5 medal (1 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç) gazandylar.

WKF karate boýunça 10-njy Merkezi Aziýa çempionatyna Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 609 türgen gatnaşýar, olar kata (resmi maşklary görkezmek) we kumite (başa-baş söweş) ugurlary boýunça ýetginjekleriň, ýigitleriň we ulularyň arasynda medal almak üçin bäsleşýärler. Türkmenistan toparynda 36 türgen bar.