Ï Fransuz institutynda küşt oýnunyň blis görnüşi boýunça ikinji ýaryş geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Fransuz institutynda küşt oýnunyň blis görnüşi boýunça ikinji ýaryş geçirildi

view-icon 3650
Fransuz institutynda küşt oýnunyň blis görnüşi boýunça ikinji ýaryş geçirildi

Şu gün Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky fransuz institutynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň bu ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylygy bilen bilelikde ýola goýan «ýyldyrym çaltlygyndaky» (blis) ikinji küşt ýaryşyna dürli ýaşdaky 40-dan gowrak oýunçy gatnaşdy. Bu çäre Fransiýanyň milli baýramy (14-nji iýul) we Bütindünýä küşt gününiň (20-nji iýul) baýram edilmegine gabatlanypdy.

Ýaryşa gatnaşan höwesjeňleriň FIDE görkezijisiniň 1600-den pes bolmagyna garamazdan, bäsleşik diýseň ýokary derejede ýola goýulypdyr. Küşti oýnunyň blis görnüşi boýunça ýaryşy Şweýsar ulgamyna laýyklykda, 7 tapgyrda geçirildi, onda her oýunça her göçüm üçin 3 sekunt artdyrmak bilen, tutuş oýna 5 minut wagt berilýär.

Ýeňijiler iki ýaş toparynda kesgitlenildi: 18 ýaşa çenli we 12 ýaşa çenli. 18 ýaşa çenli toparda Ahmet Janbekow ýeňiji boldy, kiçi ýaşlylaryň arasynda bolsa Žasmin Rahmedowa birinji ýeri eýeledi. Her toparyň iň gowy üç oýunçysy guramaçylardan we hemaýatkärlerden – «Halk Hazyna» (Petro Kanada) we «Resmi kepil» kompaniýalaryndan medallar, şahadatnamalardyr baýraklar aldylar.

Ýaryş oňa gatnaşanlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi we iki ýyl bäri bu ýokary okuw jaýynda yzygiderli küşt ýaryşlaryny geçirýän Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky fransuz instituty bilen Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygy ýene bir gezek subut etdi.