Ï Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1905
Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ulag pudagyndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Efiopiýa tarapy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň ýylyň başynda Addis Abeba amala aşyran saparynyň ähmiýetini belläp geçdi.

Duşuşykda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň ähmiýeti bellenildi.

Efiopiýa tarapy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Türkmenistanyň başlangyçlaryna gatnaşmaga islegini beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýeti nygtaldyS.

Duşuşygyň ahyrynda Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň guralmagy we myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.