Ï Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary bilen duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary bilen duşuşyk

view-icon 4138

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara we sebit düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekip, Türkmenistan bilen Pakistanyň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigini bellediler.

Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň möhümdigini bellediler we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşykdan soň taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň arasynda ulag we energetika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.