Ï Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 4245
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we halkara syýasy arenada özara hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda Daşary Işler Ministrleri derejesinde gepleşikleri we özara gatnaşyklary öz içine almak bilen işjeň syýasy dialogy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.