2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatyna bardy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Saparyň dowamynda Mangistau welaýatynyň häkimi Nurdaulet Kilybaý bilen duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde serhetýaka özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna seredilip geçildi hem-de 2025-2027-nji ýyllar üçin strategik hyzmatdaşlygyň ösüş maksatnamasy ylalaşyldy.
Balkan welaýatynyň häkimi duşuşykda eden çykyşynyň barşynda iki welaýatyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň baştutanlarynyň kesgitlän ugurlaryna gabat gelýändigini belledi, şeýle-de iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň geljekki ösüşine ýardam etjekdigini nygtady.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmany tassykladylar hem-de serhetýaka özara gatnaşyklary ösdürmeklige we dostlukly gatnaşyklary berkitmeklige gönükdirilen anyk çäreleri bilelikde durmuşa geçirmäge bolan taýýarlygy barada bellediler.