Ï Ählumumy dolandyryş başlangyjy Türkmenistanyň baş ýörelgesiniň ugry bilen gabat gelýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ählumumy dolandyryş başlangyjy Türkmenistanyň baş ýörelgesiniň ugry bilen gabat gelýär

view-icon 4195
Ählumumy dolandyryş başlangyjy Türkmenistanyň baş ýörelgesiniň ugry bilen gabat gelýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Ählumumy dolandyryş başlangyjy barada aýdan halkara ähmiýetli sözi Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «ŞHG+» sammitinde çykyş edende aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň halkara we sebit durnuklylygyny berkitmek, döwletara gatnaşyklar we çylşyrymly meseleleri çözmek üçin esas hökmünde syýasy hem diplomatik gepleşikler üçin şertler döretmek baradaky düýpli çemeleşmelerine düşünilýändigine we goldanýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistanyň daşary syýasaty, hemişelik Bitaraplygy we halkara başlangyçlary barada yzygiderli tutýan oňyn ornuna ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň we Türkmenistan tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş edendiklerini we goldandyklaryny ýatlatdy.