Ï «Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ilkinji duşuşygynda «Andijon» topary bilen deňme-deň oýnady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ilkinji duşuşygynda «Andijon» topary bilen deňme-deň oýnady

view-icon 5888
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ilkinji duşuşygynda «Andijon» topary bilen deňme-deň oýnady
camera-icon
AFC

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň «B» toparçasyndaky ilkinji duşuşygynda Özbegistanyň «Andijon» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, ilkinji utugyny gazandy.

Duşuşyk 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenen janköýerler bilen doly Arkadag şäherindäki stadionynda geçirildi.

«Arkadag» we «Andijon» toparlary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ilkinji gatnaşyjylarydyr. «Arkadag» topary bu abraýly ýaryşa 2024-2025 AFK-nyň Çagyryş ligasynyň (Aziýada üçünji derejeli ýaryş) ýeňijisi bolmagy netijesinde gatnaşýar. «Andijon» topary bolsa geçen ýyl Özbegistanyň kubogyny ilkinji gezek gazanyp, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Häzirki wagtda «Arkadag» topary 100 göterim netije bilen Türkmenistanyň çempionatynda ynamly öňe saýlanýar. Kiýewiň «Dinamo» toparynyň öňki belli futbolçysy 47 ýaşly Maksim Şaskih tarapyndan tälim berilýän «Andijon» topary bolsa, geçirilen 20 duşuşykdan soň Özbegistanyň Naýbaşy ligasynda 16 toparyň arasynda 11-nji orny eýeleýär.

Singapurly emin Ahmad A’Kaşah bin Ahmad Al-Badoweniň ilkinji jürlewüginden soň myhmanlar hüjüme geçdiler we eýýäm 39-njy sekuntda hasaby açmaga mümkinçilik döretdiler. Ýöne «Andijan» toparynyň düzüminde çykyş edýän 31 ýaşly nigeriýaly legioner Ismahil Akinade sag gapdalyndan berlen pökgüni kellesi bilen derwezä tarap urdy, emma pökgi derwezäniň ýokarsyndan geçdi. Duşuşygyň 6-njy minudynda şol bir futbolçy pökgüni «Arkadag» toparynyň derwezesine saldy, ýöne oýundan daşary ýagdaý sebäpli bu gol hasaba alynmady.

Meýdançanyň eýeleri Arzuwguly Sapargulyýewiň we Şanazar Tirkişowyň jerime urgusy bilen jogap berdiler, ýöne olaryň zarbalary derwezeçi Eržan Tokotaýewe agyr degmedi.

Oýun kem-kemden sowaşyp başlady. Iki topar hem garşydaşyň derwezesine ýol tapmaga synanyşdy, emma hakyky howp döretmek başartmady. Birinji ýarymynda «Arkadag» toparyndan Türkmenistanyň çempionatynyň iň gowy hüjümçisi Didar Durdyýewiň we Ahmed Ataýewiň uzak aralykdan beren urgulary, «Andijon» toparyndan bolsa Şahzod Azmiddinowyň we Doniýor Abdumannopowyň howply urgulary ýatda galdy.

Arakesmeden soň duşuşygyň ýagdaýy üýtgemedi. Duşuşygyň 50-nji minudynda meýdança eýelerinden Şanazar Tirkişow gysga aralykdan garşydaşyň derwezeçisiniň ukybyny barlady, myhmanlardan bolsa oýnuň bir sagadynyň soňunda Kristian Nowak kellesi bilen derwezäniň gapdalyndan urlan zarba arkaly tapawutlanyp bilmedi.

Duşuşygyň soňky 10 minudynda Türkmenistanyň çempionynyň hüjümleri dowam etdi. Ikinji ýarymynda oýna giren Şamämmet Hydyrow hasaby açmaga mümkinçilik döretdi, ýöne onuň aşakdan uran pökgüsini Eržan Tokotaýew yzyna gaýtardy.

«B» toparçasynyň beýleki duşuşygynda Kataryň «Al-Ahli» we Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparlary hem Dohada 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Şeýlelikde, birinji tapgyrdan soň topardaky dört toparyň ählisi 1 utukdan toplady.

«Arkadag» topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň indiki duşuşygyny 1-nji oktýabrda Bahreýnde «Al-Haldiý» toparyna garşy geçirer. Şol gün «B» toparçasynyň beýleki duşuşygynda Özbegistanda «Andijon» bilen Kataryň «Al-Ahli» toparlary duşuşar.

Häzirki AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna 22 ýurtdan 32 topar gatnaşýar. Toparlar geografik ýagdaýa görä, Günbatar we Gündogar zolaklaryna bölünendir. Ozallar bu ýaryş AFK-nyň kubogy diýlip atlandyryldy.

Final oýunlarynyň 1/8 tapgyry 2026-njy ýylyň 10-19-njy fewral aralygynda geçiriler. Bu ýaryşa her toparçadan iň gowy iki topar gatnaşar. Çärýek finallar 3-12-nji mart aralygynda, ýarym finallar 7-15-nji aprel aralygynda, final duşuşygy bolsa 2026-njy ýylyň 16-njy maýynda geçiriler.