Ï Türkmen samboçylary Duşanbe şäherinde geçirilýän Dünýä Kubogy ýaryşynyň birinji gününde bäş medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen samboçylary Duşanbe şäherinde geçirilýän Dünýä Kubogy ýaryşynyň birinji gününde bäş medal gazandylar

view-icon 4558
Türkmen samboçylary Duşanbe şäherinde geçirilýän Dünýä Kubogy ýaryşynyň birinji gününde bäş medal gazandylar

Täjigistanyň Duşenbe şäherinde başlanan Dünýä Kubogy ýaryşynyň ilkinji gününde türkmenistanly samboçylar 5 medal – 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular.

Iki günüň dowamynda 12 döwletden 178 türgen erkekler we zenanlaryň arasynda sport hem söweş sambo görnüşleri boýunça jemi 28 medal toplumy ugrunda bäsleşýärler. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, her bir gatnaşyjy ýurt her agram derejesinde iki türgeni hödürläp bilýär.

Türkmenistan sport we söweş sambo boýunça çykyş edýän 18 türgenden ybarat topar bilen gatnaşýar.

Türkmenistanly zenanlaryň arasynda geçirilen söweş sambo boýunça ýaryşda ýokary derejeli medallara Madina Aýdogdyýewa bilen Zyba Orunowa mynasyp boldular. Madina bu üstünlige jemi 7 türgeniň gatnaşan 59 kilogram agram derejesinde ýetdi. Zyba bolsa 65 kilogram agram derejesinde çykyş edip, iki samboçynyň arasyndaky ýaryşda ýeňiş gazandy.

Altyn medala barýan ýolda Madina Aýdogdyýewa ilkinji iki tutluşykda Özbegistanly Iroda Tohirowany 4:0 hasaby bilen, Gazagystanly Gülzira Kudasbegini 8:0 hasaby bilen ýeňdi. Finalda bolsa ol 2024-nji ýylda Astana şäherinde geçirilen Dünýä çempionatynyň hem-de 2025-nji ýylda Ýerewan şäherinde geçirilen Dünýä Kubogynyň bürünç medalynyň eýesi, Belarusdan Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) baýdagy astynda çykyş eden 22 ýaşly Ýelizaweta Lapaýewa garşy göreşde 1:0 hasaby bilen üstün çykdy. Zyba Orunowa bolsa finalda Özbegistandan Gulasal Oblokulowany 3:2 hasaby bilen ýeňip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Zenanlaryň arasynda söweş sambo boýunça ýaryşda kümüş medallara Aminat Guwanjowa bilen Gülzada Jorakulyýewa mynasyp boldular. Olar degişlilikde 50 we 72 kilogram agram derejelerinde çykyş etdiler. Bu agram derejelerinde diňe iki türgen çykyş etdiler. Finalda Gazagystandan Žadyra Paýyz (50 kilograma çenli) 2:10 hasaby bilen ýeňildi we Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) baýdagy astynda çykyş eden Russiýaly Ýana Polýakowa 0:2 hasaby bilen ýeňildi. Şeýlelikde, türkmenistanly samboçylar baýrakly ikinji orna mynasyp boldular.

Sport görnüşli sambo boýunça geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgeni Annageldi Annasähedow bürünç medala mynasyp boldy. Ol bu üstünlige jemi 12 türgeniň gatnaşan 88 kilogram agram derejesinde ýetdi. Çärýek finalda ol Täjigistandan Hamroz Rajabowy ýeňdi. Ýarym finalda bolsa Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) baýdagy astynda çykyş eden Russiýaly Wladislaw Panow ýeňildi. Bürünç medal ugrunda geçirilen tutluşygynda Annageldi Belarusdan Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) baýdagy astynda çykyş eden Wladislaw Norkany ýeňip, baýrakly üçünji orna mynasyp boldy.

Ýaryşlar dowam edýärler.