Ï Türkmenistan 2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan edilmeginiň başlangyjyny öňe sürdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan 2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan edilmeginiň başlangyjyny öňe sürdi

view-icon 1416
Türkmenistan 2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan edilmeginiň başlangyjyny öňe sürdi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde Türkmenistan 2028-nji ýylyň parahatlygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm ädim boljak «Halkara hukugyň ýyly» diýlip yglan edilmeginiň başlangyjyny goýdy. Bu başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýubileý mejlisinde eden çykyşynda öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz teklip eden başlangyjynyň ähmiýetini düşündirmek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň halkara gatnaşyklarynda esasy ornuny güýçlendirmek ugrunda yzygiderli çykyş etjekdigini aýtdy.

«Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny munuň esasy şerti diýip hasaplaýarys» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem BMG-niň köpugurly ygtyýarlyklara eýe bolan ýeke-täk halkara guramadygyny, Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygyň we ösüşiň kepili, ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň binýady bolmagynda galmalydygyny aýtdy.