Ï TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň halkyna her ýyl 1 milliard dollar girdeji getirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň halkyna her ýyl 1 milliard dollar girdeji getirer

view-icon 2077
TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň halkyna her ýyl 1 milliard dollar girdeji getirer

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerine owgan raýatlary hem işe çekiler we onuň doly durmuşa geçirilmegi bilen owgan halky üçin täze iş orunlary dörär. Her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar.

Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 20-nji oktýabrda goňşy Owganystan ýurduna bolan saparynyň dowamynda belläp geçdi.

Gahryman Arakadagymyz munuň diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, tutuş sebite hem öz oňyn täsirini ýetirjekdigine ünsi çekdi.

«Bu taslamalar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz aýtdy.