Ï Türkmenistan we Gruziýa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Gruziýa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýarlar

view-icon 1648
Türkmenistan we Gruziýa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Gruziýa bardy. Saparyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda onuň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşygy geçirildi.  Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.    

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem köptaraplaýyn formatdaky, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy.

Gruziýanyň Premýer-ministri şu ýyl Türkmenistana amala aşyran resmi saparlarynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýeti eýeländigini belledi.