Ï Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 1779
Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministri Abdalla Ali Al-Ýahýa telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtadylar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabahyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ministrler BMG-niň hem-de beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Taraplar, şeýle hem, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän möhüm halkara çäre – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk babatda pikir alyşdylar.