04.06.2026
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabada iş sapary bilen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde geldi.