Ï «Dil – parahatçylyk köprüsi» atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Dil – parahatçylyk köprüsi» atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi

view-icon 4
«Dil – parahatçylyk köprüsi» atly onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Dil – parahatçylyk köprüsi» ady bilen ýokary okuw mekdepleriň arasynda onlaýn okuw-usulyýet maslahaty geçirildi.

Bu çäre ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we usulyýetçilerini bir ýere jemläp, tejribe alyşmak hem-de dil bilimi ulgamyndaky innowasion ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança döretdi.

Forumyň gün tertibi daşary ýurt dillerini öwretmegiň möhüm meselelerini: aragatnaşyk etmek başarnyklaryny ösdürmek, ýörite maksatlar üçin iňlis dilini (ESP) okatmak, tehnika ugurly adalgalary özleşdirmek, medeniýetara dialog, şeýle hem bilim bermek işlerine emeli aň we sanly platformalary ornaşdyrmak ýaly meseleleri öz içine aldy.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we usulyýetçileri hünär derejesindäki pikirleri bilen paýlaşdylar, häzirki we geljekki wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem çykyş edip, möhüm usuly işläp düzmeleri bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy M.M. Hallyýewa tehniki ugurly iňlis diliniň okadylmagyna emeli aňy utgaşdyrylmagy barada gürrüň berdi.

N.M. Garryýewanyň (Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) çykyşy ylmy-tehniki edebiýatlaryň ekstralingwistik aýratynlyklaryna we pudaklardaky terjime meselelerine bagyşlandy.

Dilleriň halkara derejesinde ýakynlaşmagyň, hyzmatdaşlygyň we döwletara dialogynyň serişdesi hökmündäki ähmiýetini B.G. Bekmyradowa (Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti) «Halkara giňişliginde diliň orny» atly çykyşynda açyp görkezdi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden O.A. Annamyradowanyň çykyşynda ESP-ni okatmakda mesele dörediş ugurly okuwlaryň we sanly gurallaryň utgaşdyrylmagyna garaldy.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň wekili B. Arslanowa iňlis we türkmen dillerindäki reňk öwüşginleri bolan frazeologik birlikleriň many aýratynlyklarynyň deňeşdirme seljermesini hödürledi.

O.B. Annataganowa (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti) «Rus dili – dürli medeniýetleriň we halklaryň arasyndaky köpri» diýen temany açyp görkezdi.

Geljekki inženerlere tehniki adalgalary okatmakda usulyýet çemeleşmeleri bilen O.H. Mowlamowa (Oguz han adyndaky Inžener-tehniki uniwersiteti) paýlaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy G.M. Weliýewa emeli aň arkaly IT-hünärmenleriň dil taýýarlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak barada gürrüň berdi.

Umuman, forumyň çäklerinde ýurdumyzyň 12 sany ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we usulyýetçileriniň mazmunly çykyşlary diňlenildi. Oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy yzygiderli kämilleşdirmek, öňdebaryjy milli we daşary ýurt tejribesini işjeň ulanmak, iň täze usulyýetleri hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň üsti bilen bilim beriş işini baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini we şol bir wagtda-da, netijeliligini ýene bir gezek subut etdi. Mundan başga-da, bu işiň esasy ugurlarynyň biri-de ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmek we ösdürmek, olarda berk hem-de dostlukly halkara gatnaşyklary ýola goýmakda dilleriň eýeleýän ornuna düşünmegi terbiýelemekdir.

Forumyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar häzirki zaman dil biliminiň düýpli akademiki binýadyň, amaly ugurlaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşmagyny talap edýändigi barada netijä geldiler. Emeli aňyň we multimedia serişdeleri mugallymçylyk tejribesine gymmatly kömek bolup hyzmat etmek bilen okuw işiniň özbaşdak häsiýetli bolmagyna ýardam berýär.

Maslahat okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmakda we halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän işjeň ýaşlary terbiýelemekde ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini tassyklady.