Ï Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hytaý dili boýunça olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hytaý dili boýunça olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi

view-icon 94
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hytaý dili boýunça olimpiadanyň ýeňijilerini yglan etdi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hytaý dili boýunça «Hytaý kalligrafiyasynda halk pähimleriniň estetik sazlaşygy» atly onlaýn olimpiadasynyň netijelerini jemledi.

Çärä ýurdumyzyň 11 sany ýokary okuw mekdepleriniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Olimpiada A we B toparlar boýunça geçirilip, şolara ýokary okuw mekdeplerde hytaý dilini öwrenmäge ýöriteleşen talyplar hem-de taýýarlyk ugurlary dillere degişli bolmadyk talyplar wekilçilik etdiler.

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bäsleşige uly gyzyklanma bildirdiler we hytaý medeniýetini, taryhyny, milli däp-dessurlaryny çuňňur bilýändiklerini, ajaýyp dil taýýarlygyny hem-de ýiti döredijilik başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä, A toparda mümkin bolan 100 utukdan 98-96 utuk toplap, iň gowy netijeleri görkezen dört talyba birinji orunlar berildi. Olar: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Bägül Serdarowa bilen Rasul Hanjykow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Oguljan Allanurowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Nurana Ýegenmyradowa boldular.

Bu üç ýokary okuw mekdebiň 12 wekili bäsleşikde 5 sany ikinji we 7 sany üçünji orunlary eýelediler.

B toparda birinji orunlara Muhammetemin Atabaýew (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty), Mähriban Jumamyradowa (Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty), Merjen Ýagşynazarowa (Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti) hem-de Bägül Eskenderowa (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) mynasyp boldular.

Bu ýokary okuw mekdepleriň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary 4 sany ikinji we 8 sany üçünji orunlary eýelediler.

Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakly orunlary alanlar guraýjy ýokary okuw mekdebi tarapyndan degişli derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

Olimpiadanyň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, talyplaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, talyplaryň nazary bilimlerini kämilleşdirmäge, ýazuw we sözleýiş başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem bilim bermek işinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam etdi.