Ï Türkmen wekiliýeti bilim ulgamy boýunça halkara maslahata gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti bilim ulgamy boýunça halkara maslahata gatnaşdy

view-icon 113
Türkmen wekiliýeti bilim ulgamy boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Ýakynda Awstraliýanyň Pert şäherindäki Merdok uniwersitetinde Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň (IAU) «Emeli aň döwründe uniwersitetleriň gymmaty» atly XVII baş maslahaty geçirildi. Oňa dünýäniň 65 döwletinden ýokary okuw mekdepleriniň we ylym-bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

245 wekili bir ýere jemlän halkara maslahatyna Türkmenistana Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektorlary wekilçilik etdiler.

Maslahatyň esasy maksady emeli aňyň çalt ösýän döwründe ýokary bilimiň geljekki ugurlaryny kesgitlemek, ýokary okuw mekdepleriniň jemgyýetdäki ornuny we ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak, bilim bermekde, ylmy-barlag işlerinde hem-de innowasiýalary ornaşdyrmakda täze mümkinçilikleri öwrenmekden ybarat boldy.

Çäräniň dowamynda emeli aň tehnologiýalarynyň ýokary bilim ulgamyna täsiri, sanly özgertmeler, ylmy işleriň ygtybarlylygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahatyň çäklerinde köpsanly çykyşlar diňlenildi, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, ýokary bilimiň geljekki ösüş ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Türkmen wekiliýetiniň bu halkara maslahata gatnaşmagy dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmäge, ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we döwrebap bilim usullaryny özleşdirmäge täze mümkinçilikleri açýar.