Ï Aşgabatda Özbek diliniň gününe bagyşlanan çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Özbek diliniň gününe bagyşlanan çäre geçirildi

view-icon 55
Aşgabatda Özbek diliniň gününe bagyşlanan çäre geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda Özbek diliniň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Duşuşyga diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Çäräniň başynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi Žasur Aşurow ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Bellenilişi ýaly, Özbegistan bilen Türkmenistan umumy köp asyrlyk taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary bilen baglanyşyklydyr. Iki ýurduň doganlyk halklary asyrlaryň dowamynda goňşuçylykda ýaşap, birek-birege çuňňur hormat goýmagyň nusgasyny görkezip gelýärler. Bu ýakynlyk döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Ykdysadyýetiň, infrastrukturanyň we sebit howpsuzlygynyň möhüm ugurlary bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem işjeň ösdürilýär.

Iki halkyň medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem beýik özbek şahyrlary we akyldarlary Alyşir Nowaýynyň hem-de Zahyreddin Muhammet Babyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan çäreler guralýar. Öz gezeginde, Özbegistanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga hem uly hormat goýulýar. Onuň eserleri özbek diline giňden terjime edilendir.

Baýramçylyk mynasybetli dil hünärini öwrenýän talyplaryň arasynda «Türkmenistan we Özbegistan: taryhy kökler, umumy geljek» atly düzme ýazmak bäsleşigi geçirildi. Dabaraly ýagdaýda bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Baş baýrak iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Leýli Durdyýewa berildi. Birinji orna rus dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Aziza Gurbanbaýewa, ikinji orna gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Leýli Öwliýagulyýewa, üçünji orna bolsa Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Amangül Toýlyýewa mynasyp boldy.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde «Türkmen-özbek dostlugy – ene dilleriň dowamaty» atly edebi-sazly kompozisiýa görkezildi. Onda goşgy okamak, nusgawy saz eserlerini we aýdymlary ýerine ýetirmek, şeýle hem özbek halkynyň «Lazgi» tansyny öz içine alýan milli tans çykyşlary boldy. Döredijilik maksatnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gadymy türkmen tansy «Küştdepdi» bilen tamamlandy.

Institutyň eýwanynda Özbegistanyň medeni mirasyny şöhlelendirýän ýöriteleşdirilen edebiýatlaryň, milli lybaslaryň we fotosuratlaryň sergisi guraldy. Çäräniň ahyrynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylarynyň arasynda ýadygärlik sowgatlary alyşmak dabarasy geçirildi.