Ï Täze hünärler – döwrüň talaby
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze hünärler – döwrüň talaby

view-icon 85
Täze hünärler – döwrüň talaby

Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilim ulgamynyň öňünde hem täze wezipeleri goýýar. Sanly gurşawda işläp bilýän, döwrebap programmalar we tehnologiýalar bilen kämil derejede işleşmäge ukyply ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamak hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär bilim edaralarynda sanly tehnologiýalaryň ugurlary boýunça täze hünärleriň açylmagy, okuw proseslerine innowasion usullaryň ornaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ylym bilen önümçiligiň integrasiýasyny üpjün etmek, ýaşlaryň ylmy-gözleg işlerine bolan höwesini goldamak we olaryň innowasion taslamalaryny durmuşa geçirmek ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň binýadyny berkidýär.

Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda sanly ykdysadyýetiň ösüşi bilen baglylykda täze hünärler emele gelýär. Maglumat seljerijileri, emeli aň boýunça hünärmenler, maglumat howpsuzlygy boýunça bilermenler, sanly ulgamlary dolandyryjylar we beýleki täze hünärler zähmet bazarynda uly islege eýe bolýar. Bu ýagdaý innowasion ösüşiň diňe bir tehnologiýalaryň ösmegine däl-de, eýsem täze iş mümkinçilikleriniň döredilmegine hem hyzmat edýändigini görkezýär. Türkmenistan dünýäniň ösen tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de nou-haularyň importyna däl, eýsem öz ylmy-tehnologiýa, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portlaryny döretmek ýaly, ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam esasynda depginli ösdürilýän milli ykdysadyýetimiziň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleriň we taýýarlyk ugurlary yzygiderli girizilýär. 2026 – 2027-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine hünärmenleri taýýarlamagyň 20-sany täze ugrunyň girizilendigini, şolaryň aglabasynyň sanly ulgam bilen baglanyşykly hünärlerdigini aýratyn bellemek gerek. Şolaryň 10-sy hünärmen, 4-si bakalawr, 6-sy bolsa magistr maksatnamalaryna degişlidir. Bu hünärler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeler göz öňünde tutulyp girizilen täze hünär ugurlarydyr.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan özboluşly gollanma — «Geljegiň hünärleriniň atlasy» neşir edildi. Bu neşir ýaşlar üçin esasy gollanma bolup hyzmat eder. Onuň baş maksady dalaşgärlere, talyplara we ýaş hünärmenlere geljegiň zähmet bazaryny nähili täze tehnologiýalaryň, önümleriň, dolandyryş tejribeleriniň kemala getirjekdigine göz ýetirmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Atlasyň çap edilmegi ýurdumyzda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy bilen göni baglanyşyklydyr. Gollanmada innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde döwrebap bilimli hünärmenleri talap etjek geljegi uly pudaklar jikme-jik beýan edilýär.

Ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny aňly-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli, täze tehnologiýalary çalt özleşdirmegi başarýan, innowasion usullary akylly-başly dolandyryp bilýän ýaşlar edip ýetişdirmek bilim işgärleriniň borjudyr. Innowasiýa höwesli, täzeçe pikirlenýän ýaşlary kemala getirmekde orta we ýokary okuw mekdepleriň maddy binýadynyň döwrebaplaşmagynyň uly ähmiýeti bar. Bilim syýasatynda kabul edilen maksatnamalara, konsepsiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda ýaş nesillere bilim berilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» öňde goýan wezipeleriniň bu günki günde ýokary derejede durmuşa ornaşdyrylýandygyny görmek bolýar.

Geljekde sanly tehnologiýalaryň önümçilige, bilime, ylma we dolandyryşa giňden ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly mümkinçilik döreder. Innowasion ykdysadyýetiň ösdürilmegi bolsa halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine we durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine hyzmat eder.