5-nji noýabrda Türkmenistanda ilkinji gezek «Lu Ban ussahanasynda» Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň nebitgaz ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika boýunça halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
Bu geçirilen olimpiada türkmen we hytaý nebitgaz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek hakynda Ähtnamalaryň esasynda guraldy. Taraplaryň gazanan ylalaşyklaryna laýyklykda, şu ýylyň aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýadynda Türkmenistanda ilkinji «Lu Ban ussahanasy» açyldy. Ol ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mynasyp goşant goşmagy maksat edinýär.

«Lu Ban ussahanasynda» informatika boýunça ilkinji olimpiadanyň geçirilmegi Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň barha ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Informatika boýunça halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy uniwersitetiň uly mejlisler zalynda geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar. Dabarada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar olimpiada gatnaşyjylary gutlap, talyplara we olaryň ýolbaşçylaryna üstünlikleri hem-de täze ýeňişleri arzuw etdiler.
Iki ýurduň dört nebitgaz ýokary okuw mekdebinden 120 talyp halkara olimpiadasyna işjeň gatnaşdy. Gatnaşyjylara maglumatlary seljermek, emeli aň, kiberhowpsuzlyk we beýleki möhüm ugurlar boýunça çuňňur bilimleri hem-de ýokary taýýarlygy talap edýän çylşyrymly ýumuşlar hödürlendi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini we aýratyn taýýarlyklaryny görkezip, bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem ýokary bilim derejelerini açyp görkezip, bu zehin bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna goşuldylar.
Olimpiadanyň netijeleri ýörite türkmen uniwersiteti tarapyndan işlenip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi bilen şahsy we toparlaýyn hasapda jemlendi. Iň köp utuk gazanan gatnaşyjylar we toparlar ýeňijiler diýlip yglan edildi hem-de I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň we Hytaýyň nebitgaz ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen informatika boýunça internet olimpiadasy ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigini, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan baş çykarmakda ýokary taýýarlygyny, şeýle hem iki dostlukly döwletiň ylym-bilim gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga bolan özara gyzyklanmasyny aýdyň görkezdi.