Ï Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebi talyplary kartografiýa boýunça II internet olimpiada çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebi talyplary kartografiýa boýunça II internet olimpiada çagyrýar

view-icon 8
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebi talyplary kartografiýa boýunça II internet olimpiada çagyrýar

Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny kartografiýa boýunça II internet olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik institutyň geodeziya bölümi tarapyndan guralýar.

Olimpiada gatnaşmaga dürli hünärler we ugurlar boýunça bilim alýan olimpiada bilen gyzyklanýan talyplar çagyrylýar. Her ýokary okuw mekdepden iň köp bäş talybyň gatnaşmagyna rugsat edilýär.

Bäsleşik 20-nji noýabrda sagat 15:00-da şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Bäsdeşlere 90 minutda 50 soraga jogap bermek teklip ediler.

Bäsdeşleriň netijeleri olaryň alan umumy bahalarynyň jemi boýunça kesgitlener. Bäsdeşligiň netijeleri boýunça iň gowy talyplara iki sany birinji orun, üç sany ikinji orun we dört sany üçünji orun bolmak bilen, dokuz baýrak gowşurylar. Bäsleşikde tapawutlanan talyplar üçin bolsa höweslendiriji baýraklar göz öňünde tutulypdyr.

Olimpiada gatnaşmak isleýänler 10-njy noýabra çenli tdbgikartografiya8@gmail.com elektron poçta salgysyna gatnaşjaklar we olaryň jogapkär ýolbaşçylary barada maglumatlary ibermelidirler. Arza bermek we olimpiadanyň geçiş düzgünleri barada jikme-jik maglumat institutyň www.tdbgi.edu.tm saýtynyň täzelikler bölüminde ýerleşdirilendir.

Goşmaça maglumat üçin +99361669421 telefon arkaly habarlaşyp bolar.

Bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, hünär bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek, şeýle hem talyplaryň giňişleýin pikir ýöredişini we özbaşdak işleýşini ösdürmek üçin geçirilýär.

Guramaçylaryň nygtaýşy ýaly, olimpiada halkara bäsleşiklerde ýurdumyza abraý bilen wekilçilik etmäge ukyply iň gowy kartografiýa hünärmenlerini ýüze çykarmagy maksat edinýär. Özlerini synap görmek, işjeň gatnaşmak we taýýarlyk derejesini görkezmek isleýän talyplaryň ählisi olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar.