Ï Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşine bagyşlanan halkara forum geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşine bagyşlanan halkara forum geçirildi

view-icon 98
Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşine bagyşlanan halkara forum geçirildi

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we Bilim ministrlikleri tarapyndan bilelikde guralan «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Halkara forum her ýyl noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda giňden bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlandy.

Onlaýn görnüşde geçirilen çärä Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Hytaýyň, Braziliýanyň, Özbegistanyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary, mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.

Halkara maslahatyň esasy maksady agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşiniň ylmy esaslaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmekden, şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Maslahatyň öňüsyrasynda gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň önümleri, oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça gazanylan ylmy üstünlikler hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda amala aşyrylýan üstünlikli milli taslamalar görkezildi. Şeýle hem bu ýerde Hasyl toýy mynasybetli S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen «Ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň iň gowy ylmy-taslama işleri görkezildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşiniň möhüm ähmiýetini bellediler. Oba hojalyk ylmyny ösdürmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we innowasion çözgütleri ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Çykyşlarda Türkmenistanda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler aýratyn bellenildi. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylarynyň bol bugdaý hasylyny ýygnandygy, ýüpekçileriň bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürendigi buýsanç bilen nygtaldy. Oba hojalygynyň önümçilik kuwwatynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň mysaly hökmünde Daşoguz welaýatynda ýylda 60 müň tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumynyň, şeýle hem mineral dökünleri öndürýän täze senagat desgalarynyň gurluşygyna girişilendigi bellenildi.

Soňra maslahatyň işi «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly üç bölümde dowam etdi. Mejlisiň dowamynda oba hojalyk ylmyny ösdürmegiň täze ugurlary, sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara ylmy-amaly maslahat oba hojalygynda dünýä tejribesini we innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, oba hojalyk ylmyny, ýöriteleşdirilen bilimi we Türkmenistanyň agrosenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm meýdança boldy.